«Lexus» brendi bilen öndürilýän ulaglar özüniň ýokary hili babatda tapawutlanýar. Indi bolsa olaryň täze nusgasy taýýarlandy. Ulagda täze diregler ornaşdyrylypdyr. Bu bolsa ulagyň daşynyň has berk bolmagyna mümkinçilik berýär. Bu barada «ru.chisinau.md.lexus» internet neşiri habar berdi.
Ulagyň täze nusgasy uglerod süýümleri we birnäçe beýleki innowasion materiallary ulanmak arkaly döredilendir. Ulagyň daşy üýtgese-de, onuň kuwwatlylygy öňküligine galýandygyna garamazdan, 477 at güýjüni öndürýän 5 litrlik V8 we 359 at güýji bolan 3,5 litrlik V6 esasly gibrid ulgam awtomobiliň dünýäniň iň kuwwatly awtomobilleriniň biri bolmagyna mümkinçilik berýär.