Täze konseptler: katamaranlardan başlap ýaşaýyş jaýlaryna çenli
Kaşaň özbaşdak katamaran gämisi
Ekipažsyz syýahat üçin niýetlenen özbaşdak katamaran gämisi Gün panelleri bilen örtülen bolup, bu onuň ýüzüş wagty energiýa almagyny üpjün edýär. Interýer kaşaň willanyň salonyny ýada salýar: panorama aýnalary, aýlawly basgançak we sekiz adamlyk uly stol giňişlik we rahatlyk duýgusyny döredýär. Awtonom tehnologiýalaryň netijesinde gämi eýeleri gizlinlikden lezzet alyp, ummany arkaýyn aýlanyp biler.

Özbaşdak katamaran gämisiniň aýratynlyklary:
- Giň yzky paluba
- Uly penjireli, owadan içki bezeg
- Aýlawly basgançak
- Sekiz adamlyk nahar stoly
- Ekipaž bolmazlygy sebäpli doly gizlinlik
Lexus House – ýaşaýyş jaýy konsepti
Lexus kompaniýasy kaşaň Lexus House ýaşaýyş toplumynyň konseptini hem hödürledi. Ýiti çyzyklar, tebigy agaç, poldan potologa çenli aýna paneller we biri-biri bilen artykmaç diwarsyz birleşdirilen beýik potolokly otaglar döwrebap dizaýny görkezýär. Ýokarky gat awtoulaglar üçin galereýa hökmünde döredildi we bu ýerde ulaglar interýeriň bir bölegine öwrülýär. Brendiň özi bu jaýy duýgularyň, dizaýnyň we tehnologiýanyň bir ýere jemlenen giňişligi hökmünde häsiýetlendirýär. Lexus House ýaşaýyş toplumy arassa çyzykly dizaýnyň we ýerli agaç görnüşleriniň ulanylmagy bilen tapawutlanýar.

Lexus House ýaşaýyş toplumy arhitekturasy şulary öz içine alýar:
- Beýik potoloklar
- Panoramaly penjireler
- Giň otagly açyk meýilnama
- Üstki gatda mebeller bilen bilelikde awtoulaglary görkezmek üçin meýdança
Lexus Hub – jemgyýetçilik merkezi




