Hytaýyň Çanşa şäherinde «Broad Group» kompaniýasy 10 gatly ýaşaýyş jaýyny bary-ýogy 28 sagat 45 minudyň dowamynda gurdy. Bu barada «ixbt.com» web saýtynda habar berildi.
Bu ýaşaýyş jaýy kompaniýanyň «Living Building» ýygnama gurluş ulgamyny peýdalanmak arkaly guruldy. Onuň esasy aýratynlyklarynyň biri her gurluşyň modulynyň ýygnama görnüşde ulag konteýneri ölçeginde bolmagydyr. Modul sim, izolýasiýa, aýna we howa çalşygy ulgamy bolan poslamaýan polatdan ybaratdyr.
Modullaryň her biri kärhanada ýygnalyp, gurluşyk meýdançasyna taýýar halda bölekleýin getirilýär we ýuwaş-ýuwaşdan bitewi görnüşde gurulýar. Soňra tutuş jaý elektrik we suw ulgamlaryna birikdirilýär.
Işleri şeýle gysga möhletde tamamlamak maksadynda kompaniýa gurluşykçylaryň uly bolmadyk toparyny we üç sany krany ulandy.
Ýygnama gurluşlar berk, seýsmika durnukly, zerurlyk ýüze çykan halatynda olary aňsatlyk bilen sökmek we başga ýere göçürmek bolýar.