«Lockly» kompaniýasy «CES 2024» sergisinde ýüz tanamak tehnologiýasy bilen üpjün edilen «Visage» akylly gulpuny görkezdi. Bu gulpy açmak üçin haýsydyr bir düwmeleri basmak ýa-da barmak yzlaryny goýmak gerek däl. Ol diňe ýüzüňizi skanirlemek bilen gapyňyzy açmaga mümkinçilik berýär. Bu barada ferra.ru web saýtynda habar berildi.
«Lockly» tarapyndan hödürlenen «Visage» tehnologiýasy Wi-Fi we «Matter» «akylly» öý ulgamy bilen utgaşykly işleýär. 2 MP infragyzyl datçik bilen enjamlaşdyrylan jübüt 79 sm uzaklykdaky ýüzleri kesgitläp we dürli ulanylyş ýagdaýlary üçin köptaraply çözgüt bolup biljek 100-e çenli alamaty özünde saklap bilýär.
Ýüzüňizi tanamakdan başga-da, «Visage» 3D biometrik barmak yzlaryny okaýan tehnologiýa bilen hem enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa «iPhone» we «Watch» sagatlary bilen utgaşykly ulanylýar. Gulp «Google Assistant» we «Amazon Alexa» ulgamlary bilen hem baglydyr.