Maglumat jemgyýeti XX asyryň ikinji ýarymynda dünýäde maglumatyň şindi görülmedik derejede ösýän döwründe kemala gelýär. Maglumat jemgyýetiň ösüş derejesi ykdysadyýetiň, ylmyň ösmegine, maddy we ruhy önümçiligiň kämilleşmegine güýçli itergi berýär. Şu nukdaýnazardan maglumat jemgyýetiniň esasyny düzýän maglumat tehnologiýalary adam hereketiniň köp ugurlaryny awtomatlaşdyrmaga mümkinçilik döredýärler we ähli häzirki zaman tehnologiýalaryň kesgitleýji ugry bolýarlar. Umuman, maglumat jemgyýeti kämil maglumat ulgamyny talap edýär.
Maglumatlaryň artmagy, olaryň adamzat jemgyýetinde täze orna eýe bolmagy kompýuterleriň kömegi bilen maglumatlary ýygnamak, teswirlemek we ulanmak ulgamynyň döremegini talap etdi
XX asyryň ikinji ýarymynda kompýuterler giňişleýin ulanylyp başlandy. Jemgyýet gurluşynyň ähli derejesinde, has hem önümçilikde dolandyryşyň ähmiýetini ýokarlandyrmak üçin ulanylýan maglumaty toplamak, saklamak we teswirlemek maksady bilen elektron-hasaplaýyş maşynlary giňişleýin öndürilip başlandy.
Kompýuterleriň jemgyýetde tutýan ornuny kesgitlemek üçin bilimiň maglumat bilen baglanyşygyny kesgitlemek wajypdyr. Bilim adamyň öwrenmek hereketiniň netijesi bolýar. Ony gazanmakda adamyň ähli öwreniş ukyplary-akyl, göz öňüne getirmek, duýgy we paýhas gatnaşýar. Adamyň paýhasy ýeke bir bilimi döretmän, ony jemgyýetiň we adamyň durmuşy üçin maksadalaýyk ulanmagy hem başarýar. Bilimiň iň häsiýetli tarapy, onuň dinamiki, döredijilikli häsiýetidir. Bilimiň üýtgäp, özgerip bilýänligi sebäpli, döredijilikli bilim açyk ulgamy döredýär. Bilimiň şeýle häsiýeti adam bilen baglanyşygynda bolýar. Adamdan üzülen ýagdaýynda bilim bu ukybyny ýitirýär. Bilim tehnikanyň üsti bilen maddylaşan görnüşe hem eýe bolup biler, ýöne tehnika hem adamdan aýrylan ýagdaýynda, ondaky bilim döredijilikli häsiýetini ýitirýär. Şeýlelikde, bilim adamdan üzňe bolan ýagdaýynda, ol maglumata öwrülýär.
Gülnur Otyzowa
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby