XXI asyr maglumat tehnologiýalarynyň döwri hökmünde tanaldy. Häzirki wagtda ýurduň ähli
pudaklarynyň ösüşi maglumat tehnologiýalarynyň derejesine baglydyr. Mundan başga-da, tehnologiýa diňe
bir iş ýerinde däl, eýsem gündelik durmuşymyzda hem möhümdir. Bilim ulgamynda maglumat
tehnologiýalarynyň yzlaryny ähli ýerde görmek bolýar. Şonuň ýaly-da, maglumat tehnologiýalary ýurduň
umumy ösüşiniň iň möhüm aýratynlyklarynyň biridir.
Maglumat tehnologiýalarynyň ähmiýeti maglumaty
gorap saklamakdan we olary gaýtadan işlemekden ybarat. Maglumat tehnologiýalarynyň ösüşi bilim
ulgamyny has ýönekeýleşdirdi. Indi uzak sebitleriň ýaşaýjylary tehnologiýalar arkaly hem bilim alyp
bilerler. Maglumat tehnologiýalarynyň mundan beýläk-de ösmegi gündelik durmuşymyzda köp
üstünliklere ýetmeklige, durmuş — ykdysady ýagdaýlary gowulandyrmaklyga, bilim ulgamyny has-da
kämilleşdirmeklige giň mümkinçilikleri döreder.
Sultan RAHMANOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby