Maldarçylykda robotlaşdyrylan tehnologiýalar häzirki zaman oba hojalygynda esasy orny eýeleýär. Bu tehnologiýalar işçi güýjüni tygşytlamak bilen çäklenmän, önümçiligiň hilini ýokarlandyrmak, mal saglygyny dolandyrmak we oba hojalygynyň netijeliligini artdyrmak üçin giň mümkinçilikleri döredýär. Awtomatlaşdyrylan enjamlaryň ulanylmagy bilen maldarçylykda iýmit paýlamak, süýt ýygnamak, arassalamak, baglaýyş işlerini geçirmek we saglyk barlaglaryny amala aşyrmak ýaly işler has çalt we takyk ýerine ýetirilýär.
Mysal üçin, awtomatlaşdyrylan iýmit paýlaýyş ulgamlary diňe gerekli möçberde iýmit berýär, iýmitleriň artykmaç we tygşytsyz sarp edilmeginiň öňini alýar. Bu, resurslary netijeli ulanmak bilen birlikde, mallaryň saglygyny we iýmitlenme derejesini yzygiderli gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýär. Şeýle hem, süýt ýygnamak üçin niýetlenen robot ulgamlary diňe süýdi ýygnap almak bilen çäklenmän, eýsem süýt mukdaryny, hilini, temperaturasy we möçberini seljerip, analitik maglumatlary maldarçynyň öz wagtynda netijeli çözgüt kabul etmegine kömek edýär.
Dünýä tejribeleri hem maldarçylykda robotlaşdyrylan tehnologiýalaryň ähmiýetini görkezýär. Mysal üçin, Daniýada we Germaniýada süýt öndürýän fermalarda awtomatlaşdyrylan robot ulgamlary 60–70% has ýokary öndürijilik gazanmaga mümkinçilik berýär. Şonuň bilen bir wagtda, işçi güýjüniň sarp edilişi 30–40% azaldyldy. Şeýle netijeler, robotlaşdyrylan tehnologiýalaryň diňe işiň takyklygyny ýokarlandyrmak bilen çäklenmän, resurslary tygşytlamak we işçi güýjüni optimal ulanmakda hem ähmiýetlidigini görkezýär.
Maldarçylykda robotlaşdyrylan tehnologiýalar işiň takyklygyny, önümçiligiň hilini we mal saglygyny yzygiderli dolandyrmagy üpjün edýär. Statistik maglumatlar we dünýä tejribeleri, bu ulgamlaryň peýdalaryny aç-açan görkezýär. Geljekde bu tehnologiýalaryň ösmegi bilen maldarçylyk has akylly, ýokary netijeli we ekologik taýdan ygtybarly pudaga öwrüler. Şeýlelik bilen, robotlaşdyrylan tehnologiýalar diňe häzirki zaman maldarçylygynyň däl, eýsem geljekki maldarçylygyň hem esasy ýörelgelerinden birine öwrülýär.
Saryýewa Enejan,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň 5-nji ýyl talyby



