Mäş iň köp ýylylygy talap edýän ekinlerden biridir. Tohumlar 8-100 C temperaturada gögerip başlaýar, amatly temperatura ortaça 12-140 C. Tohumlar ir ekilende, giç gögerýär tohumlaryň käbiri çüýräp biler. Ýylylygy halaýandygyndan ugur alynanda we 3-4 günüň içinde doly gögerýänligini nazara alyp mäşi ikinji ekin hökminde ekmek has hem netijelidir. Mäş üçin iň amatly temperatura 18-220 C–dyr.
Yssy howada-da gülleýär we hasyly emele getirýär. Şahalanyş we gülleýän döwürde temperatura 20-250 C kadaly hasaplanylýar. Mäş 45-47 dereje ýylylygada çydamly. Aýaza gaty duýgur temperatura minus bir derejesi sowamagy ösümligiň ýaşaýyşyny togtadyp biler. Mäş gündiziň yssysyna we gijäniň salkynlygyna, ýagny howanyň duýdansyz üýtgemegine uýgunlaşan. Mäşiň tiz ýetişýän görnüşleri üçin peýdaly temperaturanyň jemi 18000 C, aralyk ýetişýän görnüşleri üçin 20000 C.
Biologiki aýratynlyklaryna görä, mäş topragabolan talaby ýokary däl. Otly boz topraklar ýurdumyzda mäş ekmek üçin iň oňat toprak hasaplanýar. Toprakda ýokumly maddalar az bolsa-da, kökündäki bakteriýalaryň kömegi bilen özüni azot bilen üpjün edip bilýär. Ähli topraklarda mäşiň bakteriýalary bardyr. Sebäbi köklerinde azot toplaýan kluben bakteriýalarynyň işjeňligi ýokary we howada erkin azotyň ulanyş dererjesi islendik toprakdan ýokarydyr. Sebäbi mäş üçin mahsus bolan rizobium phaseoli bakteriýalar hemişe topraklarymyzda bardyr. Alnan maglumatlara görä, düzüminde toplanan artykmaç duzlary çykarmak ukybynyň bolmagy sebäpli, şorlaşan topraklarda ösmäne ukyplydyr.
Ekişden öňki ekin meýdanlarynyň işlemegiň maksady — haşal otlary ýok etmek, tohumlaryň birmeňzeş çuňluga taşlamak üçin ýokarky gatlagyň kadaly ýumşaklygyny gazanmak, ýer üstüni tekizlemek we esasan topragyň çyglylygyny saklamak, toprakdan suwuň bugarmagyny azaltmakdyr. Ekilmezden ozal topragy bejermek, mehaniki düzümine, hapalanma derejesine we çyglylyk şertlerine baglylykda dürli tehnologiki amallary ýerine ýetirmeli. Mäş topraga ulanylýan mineral we organiki dökünlere gaty duýgur. Bu görnüşdäki dökünler diňe öndürijiligi ýokarlandyrman, tohumlaryň hilini hem ýokarlandyrýar. Beýleki ekinler bilen deňeşdirilende, däneli kösükli ekinler hasyllylygy bilen birlikde azot, kalsiý, kaliý we şuňa meňzeş elementleriň toprakdan köp mukdarda alynýandygy anyklanyldy. Mysal üçin, her gektardan 16 tonna däne we 20 tonna bede ösdürilip ýetişdirilende, toprakdaky 85-90 kg azot, 50-60 kg kaliý we 25-30 kg fosfor ekinlere geçirilýär.
Gülnur Otyzowa