Täze Maserati MCPURA superkary ilkinji gezek polisiýa gullugyna sowgat berildi. Superkar esasan halas ediş serişdesi bolup hyzmat eder.
Maserati kompaniýasy Italiýanyň polisiýasynyň Carabinieri bölüminiň hyzmaty üçin täze MC Pura superkaryny sowgat berdi. Ulag tutuş ýurt boýunça organlary we gany dessin eltip bermek üçin ulanylar. Bu, Maserati kompaniýasy bilen Italiýanyň hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda ilkinji hyzmatdaşlyk ýagdaýydyr.
Maserati MCPURA üçin ýörite boýag-bezeg (livreýa) kompaniýanyň stil merkezinde taýýarlanyldy. Kupe gara gök reňke boýaldy, üçegi ak reňkde bezeldi we degişli nyşanlar ýerleşdirildi. Şeýle hem ulag ýörite duýduryş çyralary bilen enjamlaşdyryldy. Salonda bolsa Sabelt markasynyň oturgyçlary oturdyldy.
MCPURA, ganyň ýa-da organlaryň donor nusgalaryny tiz ýagdaýda, derrew ýetirmeli halatlarda ulanyljak tiz kömek lukmançylyk ulagydyr. Kompaniýa resmi taýdan, superkaryň salonynyň bu maksat üçin zerur enjamlar bilen üpjün edilendigini mälim etdi, ýöne jikme-jik maglumatlary aýan etmedi.
MCPURA aslynda Maserati MC20 modeliniň täzeden işlenip taýýarlanan görnüşidir. Kupe 3,0 litrlik, 630 at güýjündäki V6 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan we 0-dan 100 km/s tizlige takmynan üç sekuntda ýetip bilýär.



