Meta Ray-Ban Display äýnekleri sag obýektiwde habarnamalary, habarlary, jaňlary we programma nyşanlaryny görkezýän, şeýle hem emeli intellekt bilen işlemäge mümkinçilik berýän kiçijik ekrana eýedir.
Meta kompaniýasy äýnegiň Kaliforniýada geçirilen Meta Connect konferensiýasynda akylly äýneginiň üç sany täze modelini hödürledi.
Gurnalan ekranly Meta Reý-Ban Display batareýanyň ömrüni köpeldýän Meta Reý-Ban Gen 2 we sport üçin amatly Oakli Meta Vanguard modelleri bardyr.
Äýnegiň gurluşy
Esasy waka “Meta Ray-Ban Display” äýnegi boldy. Sag obýektiwinde habarnamalary, habarlary, jaňlary we programma nyşanlaryny görkezýän, şeýle hem emeli intellekt bilen işlemäge mümkinçilik berýän kiçijik ekran bar. Ulanyjylar myşsa signallaryny okaýan “Neural Band” bilezigi ulanyp, äýnege gözegçilik edip bilerler. Öňki modellerde bolşy ýaly, äýnek hem ses bilen dolandyrylyp bilner.
Äýnegiň iki äýnek modeli, Meta Ray-Ban Gen 2 we Oakley Meta Vanguard, kamera, mikrofon, nauşnik bilen enjamlaşdyrylandyr we emeli intellekt bilen ses aragatnaşygyna mümkinçilik berýär, ýöne ekrany ýokdyr
Ataýewa Akjagül
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby


