«Microsoft» kompaniýasy Meksikada emeli aň we bulut tehnologiýalaryny ösdürmek üçin 1,3 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýmagy göz öňünde tutýar. Bu barada «interfax.ru» internet neşiri habar berdi.
Göz öňünde tutulan maýa goýum 3 ýylyň dowamynda özleşdiriler.
Maýa goýumlary, hususan-da, kiçi we orta kärhanalara täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, şeýle hem Meksikanyň Hökümetiniň emeli aň pudagynda ilatyň bilimini ýokarlandyrmak baradaky 5 million töweregi adamy öz içine alýan başlangyjyny goldamak üçin gönükdiriler.
«Microsoft» bu babatda Meksikanyň «Grupo Bimbo» we «Cemex» ýaly kompaniýalary hem-de Monterreý tehnologiýa instituty ýaly bilim edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlyk eder.