Microsoft, şu gün – 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabr güni Windows 10 operasiýa ulgamynyň resmi goldawyny bes etdi. 2015-nji ýylda çykarylyp, 10 ýyl bäri giňden ulanylyp gelýän bu meşhur ulgam üçin şu gün iň soňky gün boldy. Şu günden başlap, täze we ygtybarly ulgama geçmek isleýän ulanyjylar üçin Windows 11 geçiş has amatly bolar.
Şu günden – 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan soň Windows 10 ulanyjylaryň ýagdaýy nähili bolar? Windows 10 işlemegini dowam edermi? Ulanyşda kynçylyklar ýüze çykar öýdülýärmi? Ine, bu soraglaryň jogaplaryny size ýetirýäris:
Şu günden – 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan soň Windows 10 ulanyjylaryň ýagdaýy nähili bolar?

Contents
Täzelenmeler we täze aýratynlyklar berilmez. Howpsuzlyk täzelenmeleri we ýalňyşlary düzetmek togtadylýar. Microsoft tarapyndan tehniki goldaw berilmez. Çünki, kompaniýa Windows 10 operasion ulgamynyň resmi goldawyny şu günden – 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabrynda dolulygyna bes etdi. Hut şu nukdaýnazardan-da, Microsoft tarapyndan Windows 10 operasion ulgamyna täze funksiýalar, programma täzelenmeleri we howpsuzlyk düzedişleri berilmez, ýüze çykýan tehniki meselelerde-de hiç hili goldaw bolmaz.
Windows 10, şu günden – 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan soň işlemegini dowam edermi?
Hawa, kompýuteriňizde Windows 10 işlemegini dowam eder. Bu ulgam doly ýapylmaz. Emma, goldaw berilmeýän ulgam ulanylmagy bilen käbir howplar ýüze çykyp biler.
Windows 10 ulanmagy dowam etseňiz näme bolup biler?
Windows 11 ýaly täze operasion ulgamlarynda hödürlenýän täze aýratynlyklardan mahrum bolarsyňyz. Has möhümi bolsa, howpsuzlyk täzelenmeleri bolmaz. Mesele ýüze çykanda, Microsoft tarapyndan kömek alyp bilmersiňiz. Howpsuzlyk täzelenmeleriniň bolmazlygy kompýuteriňizi wiruslara we başga howplara açyk eder. Şonuň üçin has häzirki zaman, ygtybarly we netijeli ulanyş üçin Windows 11 operasion ulgamyna geçmek maslahat berilýär.
Windows 10 goldawyny uzaltmak mümkinmi?
Hawa, Microsoft tarapyndan hödürlenýän Giňeldilen howpsuzlyk täzelenmeleri (Extended Security Updates – ESU) arkaly Windows 10 goldawyny 1 ýyl goşmaça dowam etdirmek mümkinçiligi bar. Bu hyzmatdan peýdalanmak üçin degişli görkezmelere Microsoft kompaniýasynyň sahypasyndan tanşyp bilersiňiz.
Şu günden – 2025-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan soň Windows 10 ulanmak mümkin bolsa-da, howpsuzlyk we tehniki goldawyň bolmazlygy sebäpli bu ulgam töwekgelçilik döredip biler. Şonuň üçin Windows 11 operasion ulgamyna geçmek, has ygtybarly we döwrebap çözgüt bolar.



