Şu hepde Microsoft kompaniýasy Windows 11 operasion ulgamynyň 25H2 we 24H2 wersiýalary üçin goşmaça KB5067036 täzelenmäni çykardy. Bu täzelenme bilen ulgama öň Windows Insider programmasynyň çäklerinde barlanyp görülen, täze görnüşdäki “Başlat” (Start) menýusy girizildi. Täze interfeýs elementi has köp sazlama mümkinçiliklerine eýe bolup, ulanyjy üçin has amatly edilipdir.
Programmistler “Başlat” menýusyny dolulygyna täzeden işläp, ulanyjylara onuň gurluşyny öz islegine görä sazlamak mümkinçiliklerini artdyrdylar. Menýu ulanyjylar üçin has çeýe we amatly boldy. Indi ulanyjylar interfeýsiň gerekmejek elementlerini gizläp, berkidilen we maslahat berilýän faýllaryň we programmalaryň görkezilmegini öçürip bilýär.
Täze gurluşda ähli programmalaryň sanawyny görkezmegiň iki görnüşi bar: gözenek görnüşinde ýa-da kategoriýalar boýunça.
Ilkibaşdaky ýagdaýynda programmalar kategoriýalara bölünen bolup, ulgam olary awtomatik ýagdaýda iOS we iPadOS-daky programmalar paneli ýaly aýratyn toparlara ýerleşdirýär. Şeýle-de, menýu ekrana görä sazlanýar: uly ekranly enjamlarda ol has köp ýarlyklary görkezýär.
Täzelenme bilen Phone Link paneli hem üýtgedildi — indi ol soňky hereketleriň giň sanawyny, bildirişleri, jaňlary we SMS habarlary görkezýär. Mundan başga-da, “Ýumuşlar paneli” kämilleşdirildi: kursor işe girizilen programmalaryň nyşanyna eltilende olaryň eskizi indi animasiýa bilen peýda bolýar, akkumulýatoryň nyşanjygy bolsa indi göni ýumuşlar panelinde zarýad derejesini göterimde görkezýär.
KB5067036 täzelenmesi häzirlikçe diňe haýyş boýunça (islege görä) ornaşdyrylýar we hökmany hasaplanmaýar. Bu ýagdaý ulanyjylaryň täzelenmäni elde gurnap biljekdigini ýa-da onuň hökmany bolmagyna garaşyp biljekdigini aňladýar. Prosesi tizleşdirmek üçin Windows 11 ulgamyndaky aýratyn mümkinçiligi — “Soňky täzelenmeleri olaryň elýeter bolan wagtynda almak” diýilýän sazlamany işjeňleşdirip bolýar.



