Microsoft Word täze döredilen resminamalary bulut saklaýyş ulgamyna (bulut ammary) awtomatiki usulda tygşytlamak ulgamyny hödürleýär. Şu wagta çenli ulanyjylar resminamalary OneDrive ýa-da başga ammarlara el bilen ýazdyrmaly boldular, ýöne indi bu amal awtomatiki usulda amala aşyrylar.
Programmanyň täze mümkinçilikleri
Microsoft Office önüm dolandyryjysy Raul Munyozyň pikiriçe, kompaniýa Word ulanyjylaryna resminamalary döretmek we ýatda saklamak aňsatlaşdyrmaga synanyşýar. Täze ulgamda faýllar “Document1.docx” ýaly adaty atlaryň ýerine senä görä atlandyrylar. Zerur bolsa, ulanyjy faýlyň adyny we saklanýan ýerini üýtgedip ýa-da awtomatiki tygşytlamak funksiýasyny öçürip biler.
Aýratynlyklaryň ýüze çykarylmagy
Täze aýratynlyk ulanyjylara islendik enjamdan – Android, iOS ýa-da adaty brauzerden resminamalary açmaga we işlemäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, awtomatiki tygşytlamak, hakyky wagtda hyzmatdaşlygyň, resminamalary teswirlemegiň we çalt paýlaşmagyň mümkinçiliklerini giňeldýär.
Bu aýratynlyk häzirki wagtda Microsoft 365 Insider programmasynyň bir bölegi hökmünde synagdan geçirilýär we Windows üçin Word-yň soňky wersiýalarynda elýeterlidir. Indiki etapda Excel we PowerPoint-de durmuşa geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy fakultetiniň Sanly dolandyryş taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby
Hummiýew Guwanç


