Dünýä belli telefon öndürijisi Motorola, arzan bahaly Moto G seriýasyndaky smartfonlarynyň bahasyny resmi sahypasynda duýdansyz ýagdaýda 50 göterime (prosent) çenli ýokarlandyrdy. Dünýäniň iň uly tehnologiýa neşirleriniň biri bolan “PCMag” we ykdysady derňew şereketi “Counterpoint Research” tarapyndan taýýarlanan hasabatlara görä, bu ýagdaýyň esasy sebäbi – emeli aň (AI) pudagyndaky ägirt uly ösüş we munuň netijesinde ýüze çykan global RAM (dessine ýat) gytçylygydyr.
Arzanlaşdyrylan telefonlarda 50%-e çenli nyrh artymy

Aprel aýynyň başynda ulanyjylar Motorola-nyň resmi web sahypasynda ýokary bahalar bilen ýüzbe-ýüz boldular. Täze bahalar esasan býujet (arzan) segmentindäki telefonlara uly täsir etdi:
- Moto G Play: Şereketiň iň arzan telefony 179.99 dollardan 249.99 dollara çykdy (tas 40% artym).
- Standart Moto G: Iň uly nyrh artymyny başdan geçirdi we 50% gymmatlap, 299.99 dollar boldy.
- Moto G Power we täze Moto G Stylus (2026): Bu modelleriň ikisi-de öňki wersiýalaryna görä 100 dollar gymmatlady.
Motorola bu üýtgeşmeler barada heniz resmi beýanat bermedik hem bolsa, pudagyň hünärmenleri munuň yzyndaky esasy sebäbiň “RAM krizisi” bolup durýandygyny belleýärler.
Bahalaryň galmagynyň hakyky sebäbi: RAM krizisi
Emeli aň (AI) şereketleri, ägirt uly maglumat merkezlerini gurmak we çylşyrymly AI modellerini işletmek üçin dünýädäki ýokary öndürijilikli RAM (HBM we DDR5) ätiýaçlyklaryny köp möçberde satyn alýarlar. “Counterpoint Research” şereketiniň maglumatlaryna görä, bu ýagdaý sarp edijiler üçin niýetlenen elektronika, esasan hem smartfonlar üçin zerur bolan ýat modullarynyň bahasynyň 2026-njy ýylyň ilkinji çärýeginde 80-90% ýokarlanmagyna getirdi.
Arzan telefonlarda öndürijiniň gazanýan girdeji möçberi onsuz hem pes bolany üçin, şereketler bu goşmaça çykdajylary öz üstüne alyp bilmeýärler we ony göni alyjylaryň jübüsine ýüklemäge mejbur bolýarlar.
Krizis diňe Motorola bilen çäklenmez
”TechRadar” we beýleki ygtybarly çeşmeler, pudakda “RAMageddon” diýlip atlandyrylan bu krizisiň diňe Motorola bilen çäklenmejekdigini duýdurýarlar. Ýakyn aýlarda beýleki öňdebaryjy Android öndürijileriniň hem bahalary ýokarlandyrmagy ýa-da arzan modelleriň RAM sygymyny peseltmegi garaşylýar. Görşümiz ýaly, emeli aňyň çalt ösmegi, tehnologiýa dünýäsine oňyn täsir etmek bilen birlikde, enjamlaryň bahasynyň galmagyna hem sebäp bolýar.


