Häzirki wagtda ýurduň eýeleýän halkara giňişligindäki orny diňe bir onuň syýasy agramy ýa-da ykdysady serişdeleriniň möçberi bilen kesgitlenmän, eýsem, milletiň aň-bilim derejesini ýokarlandyrmagyň esasynda pugtalandyrylýan innowasion kuwwaty bilen hem şertlendirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz milli ylym ulgamyny ösdürmäge aýratyn üns berýär. Täze tehnologiýalaryň, ylmy işläp taýýarlamalaryň ýurduň içinde döredilmegi ylmy köp talap edýän önümleriň möçberleriniň artmagyna we milli ykdysadyýetiň tehnologik garaşsyzlygyny üpjün etmäge ýardam berýär. Şeýlelikde, ýurduň innowasion kuwwatyny mundan beýläk hem artdyrmakda nano we biotehnologiýalaryň ösdürilmegine, elektronika senagatynyň ýola goýulmagyna, kompýuter ylymlarynyň ösüşiniň ilerlenmegine uly üns berilýär. 2024-nji ýylyň 8-nji iýunynda «Ýaşyl ykdysadyýetiň möhüm ugurlary: eko-, nano-, bio- we maglumat tehnologiýalary» atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň geçirilmegi bu ugra uly üns berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Nanotehnologiýanyň özi maddanyň atom we molekulýar derejede barlanmagy we üýtgedilip, işjeň ýagdaýa getirilmegidir. Bir nanometr bir metriň milliarddan bir ýa-da bir millimetriň milliondan bir bölegine deň gelýär. Umuman, 100 nanometr ýa-da ondan hem kiçi ölçegde maddanyň işlenilmegidir. Nanotehnologiýanyň ulanylmagynyň we ylma derwaýyslygynyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Ol dürli gurluşlaryň aýry-aýry atomlarynyň zerur alamatlaryna gözegçilik etmegiň fiziki usullaryny göz astyna almaga mümkinçilikleri berýär. Şeýlelikde, metriň milliarddan bir paýyna barabar ölçegdäki aýry atomlar görülýär we ýerleşdirilýär. Nanotehnologiýa ady hem şol ýerden gelip çykýar.
Nanotehnologiýa pudagy häzirki wagtda yzygiderli ösýär we bütin dünýäde senagat üçin täze programmalar yzygiderli ýüze çykýar. Nanotehnologiýanyň gün-günden ösmegi bilen, durmuşymyza täsir edip biljek köp sanly işlere özüniň amatly täsirini ýetirýär. Nanotehnologiýalar energiýany has netijeli ulanmak, daşky gurşawyň ýagdaýyna gözegçilik etmek, saglyk meselelerini çözmek we çykdajylary azaltmak bilen önümçiligiň mukdaryny ýokarlandyrmak üçin döredilendir. Häzirki zaman nanomateriallary kuwwatly kompýuterleri öndürmekde, lukmançylyk anyklaýyşda, ýokary tizlikli maglumatlary geçirmekde we beýlekilerde ulanyp boljak çylşyrymly elektron enjamlarynyň täze neslini döretmäge mümkinçilik berýär.
Dünýäniň ösen ýurtlarynyň ählisinde bilimiň esasy merkezi bölegini eýeleýän nanotehnologiýa häzirki wagtda ýurdumyzda hem giňden öwrenilýär. Nanotehnologiýanyň içgin öwrenilmegi geljek ýyllarda Türkmenistan döwletimiziň alyp barýan ähli ugurlarynda beýik ösüşlere ýetirer.
Aýbek TAJYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy