Akylly telefonlaryňyz bilen töleg geçirmek ýa-da maglumat paýlaşmak eýýäm gündelik durmuşymyzyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. “Ýekeje hereket” bilen iş bitirmek hemmämize aňsat görünse-de, tehnologiýa dünýäsi munuň bilen çäklenmeýär. Dünýäniň tehnologiýa ägirtleriniň birleşigi bolan NFC Forum, biziň garaşanymyzdan hem aňry geçjek, 2026-njy ýyla gönükdirilen täze “Ýol Kartasyny” (Roadmap) yglan etdi. Geljekde telefonlarymyz diňe bir töleg guraly däl, eýsem güýçli bir “sanly açar” we hatda “zarýad beriji” bolar. Geliň, bu uly özgerişligiň jikme-jiklerine seredeliň.
Täze standartlar näme wada berýär?
Häzirki wagtda Türkmenistanda hem giňden ulanylýan NFC (Near Field Communication) tehnologiýasy, ýakyn geljekde tanalmaz derejede üýtgär. (NFC hakynda makalamyzy şu baglanyşyga basyp okap bilersiňiz!) Täze yglan edilen standartlara görä, NFC-niň mümkinçilikleri ep-esli artdyrylar:
- Görlüp-eşidilmedik Tizlik (8 Esse): Häzirki wagtda maglumat geçiriş tizligi çäkli. Täze standart bilen bu tizlik 8 esse artdyrylar. Bu diňe bir töleg üçin däl, eýsem sanly pasportlary we uly göwrümli biletleri tassyklamak üçin hem örän möhümdir.
- “Köp Maksatly” Dokunuş (Multipurpose Tap): Iň gyzykly täzelik! Indi bir gezek telefony degirmek arkaly birbada birnäçe işi edip bilersiňiz: Töleg geçirmek, arzanlaşyk (loýallyk) kartyny ulanmak we ýaşyňyzy tassyklamak. Bularyň hemmesi “ýekeje hereket” amala aşar.
- Simsiz Zarýad (Wireless Charging) Öwrülişigi: NFC indi kiçi enjamlara (akylly sagatlar, nauşnikler, stiluslar) 3 Watta çenli simsiz togu hem geçirip biler. Bu, käbir enjamlaryň aýratyn zarýad berijä mätäçligini aradan aýyrar.
- Kwant Howpsuzlygy (Quantum-Safe): Geljekde dörap biljek super-güýçli kwant kompýuterleriniň döwüp bilmezligi üçin, NFC şifrlemesi (kriptografiýasy) doly täzelener.
Gapjygymyz sanlylaşýar
Gysgaça aýtsak, NFC Forumyň bu ädimi, fiziki gapjyklaryň we açarlaryň taryha gömüljekdiginiň iň aýdyň subutnamasydyr. 2026-njy ýyldan başlap, akylly telefonlarymyz diňe bir aragatnaşyk serişdesi bolman, eýsem biziň şahsyýetimiz, bankymyz we öýümiziň açary hökmünde has ygtybarly we tiz hyzmat eder. Tehnologiýanyň bu tizlik bilen ösmegi, gündelik durmuşymyzy has hem aňsatlaşdyrjakdygy şübhesizdir.


