Hytaýyň awtoulag öndüriji ägirdi Chery, Ýewropa bazaryndaky ornuny berkitmek ugrunda strategik ädim ätdi. Ýaponiýanyň awtoulag ägirdi Nissan bilen Chery kompaniýalary Beýik Britaniýanyň Sanderlend (Sunderland) şäherindäki zawodda ulag öndürmek boýunça gepleşiklere başladylar. Taraplaryň arasynda eýýäm hökmany bolmadyk deslapky şertnama gol çekildi.
Eger gutarnykly ylalaşyk gazanylsa, Chery brendiniň awtoulaglary 2027-nji maliýe ýylyndan başlap Beýik Britaniýanyň iň uly awtomobil zawodynda konweýerden çykyp başlar.
Sanderlend zawodynda täze döwür
Häzirki wagtda 6 müňe golaý işgäri bolan Sanderlend zawody Nissan kompaniýasynyň elektrikli ulaglar we batareýalar önümçiligine gönükdirilen EV36Zero taslamasynyň merkezi hasaplanýar. Hyzmatdaşlyga garamazdan, zawodyň gozgalmaýan emlägine bolan hukugy we işgärler düzümi dolulygyna Nissan kompaniýasynda ygtyýarynda galar.
Global bazarda kyn döwürleri başdan geçirýän we täzeden gurluşyk tapgyrynda bolan Nissan üçin bu şertnama zawodyň önümçilik kuwwatyny has netijeli ulanmaga mümkinçilik berer. Häzirki wagtda bu ýerde Nissan Qashqai, Juke we Leaf modelleri öndürilýär. Chery tarapynyň bu zawodda haýsy modellerini (elektrikli ýa-da gibrid) öndürjekdigi bolsa häzirlikçe mälim edilmedi.

Ýewropada Hytaý täsiri güýçlenýär
Hytaý öndürijileriniň Ýewropa bazaryna içerki önümçilik arkaly aralaşmak strategiýasy barha rowaçlanýar. Ýakynda Hytaýyň beýleki bir brendi MG hem Ýewropadaky ilkinji zawodyny Ispaniýada açjakdygyny yglan edipdi. Nissan we Chery arasyndaky bu ylalaşyk, global awtomobil senagatyndaky güýçler balansynyň üýtgeýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.



