Norwegiýa dünýäde elektrik ulaglaryň sany benzinli ulaglaryň sanyndan köp bolan ilkinji ýurt boldy. OFV Geňeşiniň maglumatlaryna görä, 2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda hasaba alnan 2,8 million ýolagçy awtoulagynyň 754,3 müňüsi elektrik awtoulaglar, 753,9 müňüsi bolsa benzinli awtoulagdyr. Bu barada turkmenmetbugat.gov.tm neşiri rus dilindäki sahypasynda habar berdi.
OFV Geňeşiniň başlygy Oýwind Solberg Torsen bu wakany taryhy waka diýip atlandyrdy we Norwegiýanyň elektrik ulaglaryna çalt geçendigini aýtdy. Dizel awtoulaglarynyň 999,7 müň bilen öňde barýandygyna garamazdan, hünärmenler 2026-njy ýyla çenli elektrik awtoulaglarynyň bu görkezijiden hem geçjekdigini çaklaýarlar.