Nvidia kompaniýasy 2025-nji ýylyň 29-njy oktýabryndaky söwdalarynda taryhda ilkinji gezek bazar bahasynyň derejesini 5 trillion dollara ýetirdi. Kompaniýanyň paýnamalary Nýu-Ýork wagty bilen irden 9:36-da 5,2 % ýokarlanyp, 211,47 dollara ýetdi we bu görkeziji hem Nvidia maýalaşdyrma boýunça rekord derejä ýetmäge mümkinçilik berdi. Kompaniýanyň bazar bahasy 4 trillion dollardan geçeli bäri bary-ýogy dört aý geçdi. Bu çalt ösüş, Nokia, Samsung, Hyundai Motor we beýleki iri kompaniýalar bilen baglaşylan şertnamalardan soň ýüze çykdy.
Emeli aň arkaly dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän düýpli üýtgeşmelere bolan optimizm bilen herekete gelen bazarda Nvidia aýratyn orun eýeleýär. Kompaniýanyň paýnamalarynyň şu ýylky 50 % ösüşi, S&P 500 indeksindäki umumy 17 % ösüşiň takmynan bäşden bir bölegini üpjün etdi. Indi bazar bahasy boýunça diňe Microsoft we Apple onuň yzysüre barýar — olaryň hersiniň maýasy takmynan $4 trillion.
Truist Advisory Services kompaniýasynyň maýa goýumlar boýunça direktory Kit Lerner (Keith Lerner) şeýle diýdi:
“Birnäçe ýyl mundan ozal 5 trillion dollarlyk bazar bahasy diýlen düşünje akyl ýetmezdi. Häzirki bazar emeli aňyň üýtgeşdiriji täsirine uly umyt baglaýar”.

Nvidia kompaniýasynyň paýnamalary, ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň Hytaý Halk Respublikasynyň başlygy Si Szinpin bilen Nvidia Blackwell çipleriniň üpjünçiligi barada gepleşik geçirmegi niýetleýändigi baradaky beýannamasyndan soň ýokarlandy.
Bahanyň ösmegine kompaniýanyň ýolbaşçysy Jensen Huangyň çykyşlary hem täsir etdi. Onuň sözlerine görä, iň täze çipler kompaniýa ýarym trillion dollarlyk girdeji getirip biler. Mundan başga-da, kwant kompýuterleri bilen emeli aň çipleriniň aragatnaşygyny üpjün edýän täze ulgamyň tanyşdyrylyşy hem oňyn täsir etdi.
Uoll-stritiň bilermenleri Nvidia şereketiniň geljegine örän oňyn garaýarlar. Kompaniýanyň paýnamalaryň ortaça bahasy 225,48 dollar diýlip kesgitlenýär, bu bolsa ýene, takmynan, 7 % ösüş mümkinçiligini görkezýär.

Ýöne, şeýle çalt ösüş käbir synçylarda paýnamalaryň geljekde gymmatynyň artmagy boýunça şübheleri döretdi. 2022-nji ýylyň ahyryndan bäri kompaniýanyň paýnamalary 1300 %-den hem köpräk ýokarlandy. Käbir bilermenleriň pikiriçe, Nvidia geljekde bazardaky paýynyň bir bölegini Advanced Micro Devices (AMD) we Broadcom ýaly bäsdeşlerine bermäge mejbur bolup biler. Şeýle hem, emeli aň tehnologiýalarynyň çalt ösmegine zerur bolan energiýa infrastrukturasynyň ýetmezçiligi bilen bagly aladalanmalar bar.




