Nvidia, emeli aň bilen işleýän telekommunikasiýalary bilelikde ösdürmek we 6G ulgamyna geçmek üçin Nokia kompaniýasyna 1 milliard dollar maýa goýýar. Hyzmatdaşlyk AI-RAN radio torlaryny döretmäge we ýokary öndürijilikli ulgam hyzmatlary üçin infrastrukturany döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir.
Nvidia, emeli aň we telekommunikasiýa infrastrukturasyny ösdürmek boýunça strategiki hyzmatdaşlygyň çäginde Finlýandiýanyň telekommunikasiýa ägirdi Nokia kompaniýasynyň 2,9% paýyny 1 milliard dollara satyn aljakdygyny habar berdi. Şertnamanyň çäginde paýnamalaryň çykarylmagy boýunça Nokianyň direktorlar geňeşi 166,4 million sany täze paýnamany tassyklady. Nvidia her paýy 6,01 dollardan satyn alar.
Bu hyzmatdaşlygyň maksady — Nvidianyň AI-RAN (akylly radio aragatnaşyk ulgamy) tehnologiýasyny Nokianyň bar bolan önümleri bilen birleşdirmek arkaly 5G-Advanced we geljekki 6G ulgamlarynyň öndürijiligini we netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Nvidia şu gün aragatnaşyk, hasaplama we sensor ulgamlaryny bir enjama birleşdirýän hem-de täze we bar bolan esasy beketleri (stansiýalary) goldaýan 6G taýyn hasaplaýyş çözgüdi bolan täze Aerial RAN Computer Pro (ARC-Pro) platformasyny hödürledi. Bu çözgüt 6G üçin taýýarlanan has ýokary öndürijilikli kompýuter ulgamydyr.
Nokia kompaniýasynyň baş direktory Džastin Hotard, emeli aň we bulut (cloud) tehnologiýalarynyň geljekki aragatnaşyk ulgamlarynyň merkezinde boljagyny, ilkinji AI-RAN enjamynyň ABŞ-nyň T-Mobile ulgamynda amala aşyryljakdygyny we synagyň 2026-njy ýylda başlajakdygyny aýtdy.
Bilermenleriň çaklamalaryna görä, emeli aň tarapyndan güýçlendirilen aragatnaşyk bazary 2030-njy ýyla çenli 200 milliard dollardan geçer. Bu ösüş mobil traffigiň artmagy we öndürijilikli AI, AR/VR hem-de awtonom ulgamlary goldaýan enjamlaryň peýda bolmagy bilen baglanyşykly.
Nvidia-nyň baş direktory Jensen Huang bu hyzmatdaşlyk barada şeýle aýtdy:
«Bu täze aragatnaşyk nesli tehnologiýada täze öwrülişik bolar. ABŞ-nyň telekommunikasiýa infrastrukturasynda täzeden tehnologik liderligi gazanmagyna mümkinçilik döredýär».



