Nyşanlary optiki tanamak programmalary optiki enjamlardan (skaner, sanlaýyn fotoapparat, sanlaýyn kamera) maglumatlary kompýutere geçirmek üçin ulanylýar. Bu bolsa çap üçin ýa-da golýazma maglumatlary kompýutere girizmek üçin niýetlenen programmalardyr.
Kompýuterde nyşanlary optiki tanaýan ýörite programmalar bar, meselem, Fine Reader, Acrobat Reader, Adobe Reader, WinDjView. Bularyň içinde has meşhurlarynyň biri Fine Reader programmasydyr
(Aşakdaky surat).
Bu surat. Nyşanlary optiki tanamak programmalary
Fine Reader programmasy – diňe oňat hilli resminamalardaky ýazgylary tanamak bilen çäklenmän (kitaplar,
žurnallar), eýsem, ýaramaz tekstleri hem (fakslary, iňňeleýin printerlerden çykarylan kagyzlary) tanaýar.