Häzirki döwürde dünýä tejribesinde oba hojalygyna degişli bolan 150-den gowrak häzirki zaman innowasion açyşlar biziň gündelik durmuşymyza giňden ornaşdy. Innowasion açyşlaryň hem arasynda ekerançylygyň netijeliligini ýokarlandyrmaga niýetlenen tehnologiýalar bar. Olar programma üpjünçiligi, görkeziji gurallar, ekin meýdanalaryny dronlar arkaly surata düşmek, internet çeşmelerini ulanyp maglumat paýlaýyş ýaýlymlaryny döretmek, tehnologiki gözleg gurallary we enjamlary bardyr.
AgCode programma üpjünçiligi
Glenwood (Minnesota) kärhanasy tarapyndan döredildi. Bu programma üpjünçiligi, esasan üzümçilik meýdanlarynda önümçiligi dolandyrmaga kömek edýär, ýagny meýdan maglumatlaryny özüniň maglumatlar bazasynda saklaýar. Şeýle hem ol hasyllylygy, daşky gurşawyň şertlerini, hasylyň ýetişiş mümkinçiligini we her bir zähmet çekýän işgärler üçin çykdajylary awtomatiki hasaplaýar.
Sample-6 ulgamy
Iýmitlenýän patogenleriň bardygyny we ösümlikleri gurluş düzümini barlamak üçin programma üpjünçiligi dolandyrýar. Bu dünýädäki iň çalt ulgam bolup, maddalar iýmitlenýän pursadyndan 6 sagatdan soň ýüze çykarylýar.
BrightFarms
Satuw nokatlaryna ýakyn ýerde şäher şertlerinde ýyladyşhanalary döretmek taslamasydyr. Daşky gurşawa minimal täsir bilen ösdürilip ýetişdirilen önümler, ýylyň dowamynda hasylyň 24 sagadynyň dowamynda ýerli söwda merkezlere eltilýär.
CropX
Ysraýyl döwleti tarapyndan önümçilige hödürlenip, ol suwaryş ulgamynyň we suwaryş usullarynyň innowasiýa çözgüdidir. Ol ähli ýer meýdanyny aýratyn suwaryş zolaklaryna bölmek we nusgalary seljerýän we suwuň amatly mukdaryny hasaplaýan görkeziji gurallary oturtmak arkaly suw we energiýa sarp edilişini azaltmaga mümkinçilik berýär. “CropX” suwuň we energiýanyň 25%-ine çenli tygşytlaýar.
“FarmLead” söwda bazary
Bu oba hojalyk ekinleriniň iň möhüm pudagy bolan däneçilikde gazanylan üstünlik diýsek ýalňyşmarys. Bu bazarda ekiniň 98 görnüşli dürli sortlara we ýokary arkaly tohumlara baý bolup, öndürilen önümi online satmaga we bahalandyrmaga mümkinçilik berýär.
Agrilyst wirtual agronom
Maglumatlary ýygnamak üçin akylly görkeziji gurallar ulgamy bolup, daýhanlara ekinler, topragyň düzümi we gurluşy, oba hojalyk mallary we beýleki zatlar barada dogry netijä gelmäge kömek edýär. Maglumatlar diagrammalar we ýörite hasabatlar görnüşinde derrew wizuallaşdyrylýar. Şeýle hem öýjükli internet ulgamy arkaly maglumatlary almaga mümkinçilik berýär.
Tal
Ya kärhanasy tarapyndan işlenip düzüldi — howadan çyglygy ýygnaýan gaplar. Ösümlikleriň suwa bolan isleglerini 50% kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän gural bolup, gaty arzan, plastmassadan ýasalan we 10 ýyla çenli hyzmat edýär.
Bovcontrol
Et we süýt önümçiliginde öndürijiligi ýokarlandyrmak we maldarçylykda genetikany gowulandyrmakda maglumatlary ýygnamak we derňemek üçin gurallar (mallar üçin gulaga dakylýan enjamlar, çipler, akylly tereziler we başgalar). Goşmaça maksat iýmitlenmegi, sanjymlary we ýazgylary dolandyrmaga kömek edýär. Telefon ýa-da internete girmän offline kynçylyksyz işleýär-maglumatlar indiki birikmelerde sinhronlanýar. Ösüş beýleki programmalar bilen utgaşýar.
SpensaTechnologies
Programma üpjünçiligi önümi we awtomatiki kamera duzaklarydyr. Bu ýer eýelerine we daýhanlara gündelik hasabat bilen ekinleri zyýan ýetirýän zyýankeşlerden goramaga, duzaga düşürmäge we zyýankeşiň görnüşini kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Netijeler ykjam enjamlarda görmek üçin elýeterlidir.
Flow Beehive
Awstraliýaly oýlap tapyjylaryň täzeligi. Ýörite işlenip düzülen balary, arylara zyýan ýetirmezden ýa-da zyýan bermezden ýörite gaplarda bal ýygnaýar.
Gurbanmyrat REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy