Häzirki wagtda dünýäde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, oba hojalygynda öndürijiligi ýokarlandyrmak we zähmet harajatlaryny azaltmak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Bu babatda innowasion çözgütleriň ulanylmagy, aýratyn-da robot tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy oba hojalygynyň ýokary netijelilik bilen işjeň kämilleşdirilmegine getirýär. Robotlaşdyrma tehnologiýalary uzakdan dolandyrylýan we emeli intellekt bilen enjamlaşdyrylan ulgamlara daýanyp, oba hojalygynda öň adamlaryň zähmeti bilen ýerine ýetirilýän köp sanly işleriň gysga wagtda we takyk amala aşyrylmagyna mümkinçilik berýär.
Robot ulgamlarynyň oba hojalygyndaky orny dürli ugurlarda öz beýanyny tapýar. Ilki bilen, suwaryş robotlary ekin meýdanlarynda suwy tygşytlaýyn paýlamaga, topragyň goşmaça suwdan zyýan görmeginiň öňüni almaga mümkinçilik döredýär. Sensor ulgamlary bilen üpjün edilen bu robotlar ekiniň ösüş derejesine görä suw ýetirişini automatiki sazlap, suwdan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrýar.
Mundan başga-da, häzirki zaman önümçiliginde ekin ekýän we hasyl ýygnap berýän robotlaryň ulanylyşy giň gerim alýar. Bu tehnologiýalar bugdaý, tüwi, kartoşka, gök önüm we miwe ýaly dürli ekinleri ýokary hilli we arassa ýagdaýda ýygmaga mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, önümçilikde material ýitgisi azalýar we öndürilýän azyk önümleriniň hil derejesi ýokarlanýar.
Oba hojalygynda topragyň taýýarlanylmagy hem robot tehnologiýalarynyň möhüm ugry bolup durýar. Topragy işläp taýýarlamakda ulanylýan robotlar döküniň möçberini öňünden kesgitläp, ýer bölegine görä takyk paýlaýar. Şeýle awtomatlaşdyrylan usullar toprak derejesiniň goralmagyna we ekinleriň ýokary hasyl bermegine oňyn täsir edýär.
Monitoring funksiýasy bilen enjamlaşdyrylan dronlar we beýik tehnologiýaly gözegçilik robotlary ekin meýdanlaryny yzygiderli seljerýär. Olaryň üsti bilen ösümlikleriň ösüş dinamikasy, keselleriň ýüze çykma ähtimallygy, toprakdaky çyglylyk derejesi ýaly möhüm maglumatlar ýygnalyp, oba hojalygynda taktiki we strategik çözgütleriň kabul edilmegine ýardam berýär.
Robot tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy diňe bir öndürijiligi ýokarlandyrman, eýsem ekologiýa taýdan durnukly önümçiligi üpjün edýär. Suwuň we döküniň tygşytly ulanylmagy, hapalaýan maddalaryň azaldylmagy tebigy gurşawy goramaga uly ähmiýet berýär. Şeýle hem zähmet çykdajylarynyň peselmegi oba hojalygynda ykdysady tygşytlylygyň ýokarlanmagyna getirýär. Innowasion tehnologiýalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi oba hojalygynyň geljegini has kämil, döwrebap we durnukly ösüş ýoluna gönükdirýär.
Hudaýkulyýewa Laçyn,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Dokma önümçiligi fakultetiniň 5-nji ýyl talyby



