Oba hojalygy ykdysadyýetiň iň konserwatiw pudaklaryndan biri hasaplanýar. Emma häzirlikçe az bolsa-da, täze tehnologiýalar agrosenagat toplumyna ornaşdyrylýar. Innowasiýalaryň daýhanlara işlerinde näderejede kömek edýändigine göz ýetirmek bolar.
Oba hojalygy näme üçin tehnologiýa mätäç?
Oba hojalygy çylşyrymly we öňünden aýdyp bolmajak sferadyr. Täze tehnologiýalar daýhanlara iş döwründe töwekgelçiligi azaltmaga, daşky gurşawy gowulandyrmaga we serişdeleri tygşytlamaga kömek edýär. Muňa garamazdan, daýhanlar üçin goýlan ähli serişdeleriň iň ýokary derejede tölenmegi möhümdir, şonuň üçin tehnologiýalar ilki bilen ünsli öwrenilýär, synagdan geçirilýär we diňe kem-kemden durmuşa geçirilýär.
Standartlaşdyrylan prosesleriň awtomatlaşdyrylmagy adam faktorynyň täsirini azaldar. Döwrebap enjamlar ekin meýdanlarynyň, ekinleriň we haýwanlaryň ýagdaýy barada köp mukdarda maglumatlary gaýtadan işlemäge we seljermäge ukyplydyr. Bularyň hemmesi ekin ýitgilerini azaldýar, hilini ýokarlandyrýar we ýaramaz täsirleri azaldýar.
Dünýä ilatyna azyk gerek: hemmeleri iýmitlendirmek üçin her ýylda azyndan 3 milliard tonna däne gerek. Şu wagta çenli bu görkezijiniň diňe 65%-ini öndürmegi başardyk. Güýçli ekerançylyk, zähmet we enjam ýetmezçiligi ýagdaýy hasam erbetleşdirýär.
Oba hojalygyna kömek etmek üçin döredilen bäş täzelik hakda size aýdýarys:
Robotlar: pilotsyz uçarlar we beýleki enjamlar
Köp ýurtda dürli oba hojalygyny awtomatlaşdyrýan enjamlar işlenip düzülýär. Mysal üçin, Şweýsariýada haşal otlar üçin robotlar bar: bu topraga we ösümliklere täsir ediji gymmat bahaly gerbisidleri ulanmazlyga mümkinçilik berýär. ABŞ-da bolsa ormak, ekin ekmek we haşal otlardan dynmak üçin pilotsyz traktorlar işlenip düzüldi.
Takyk ekerançylyk: akylly oba hojalygy
Takyk ekerançylyk ulgamy, aýratynlyklaryna we zerurlyklaryna baglylykda ekinleriň ösüşini we hasyl berişini sazlamaga mümkinçilik berýär. Takyk ekerançylyk kartalaşdyrmak, suwaryş we dökün ulgamlaryny, parallel rul we meýdan kompýuterlerini ulanýar. Takyk ekerançylygyň esasy maksady adam we maliýe çeşmelerini tygşytlamakdyr, sebäbi diňe zerur bolan meýdanlar zerur mukdarda ideg alýar.
Daýhanlara kömek etmek üçin emeli intellekt
Emeli intellekt (AI) durmuşa geçirmek üçin oba hojalygy ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Käbir kompaniýalar eýýäm dürli enjamlary ulanyp, meýdan maglumatlaryny, wideo materiallaryny we şekilleri derňeýän neýroulgamy döretdiler. Soňra ekerançylyk, haşal ot we suwaryş üçin oba hojalygynyň amallary meýilnamasyny çykarýar. AI şeýle hem buýruklary enjamlara ibermäge ukyply: şeýle ulgam ekinleri ösdürip ýetişdirmek prosesini doly awtomatlaşdyrýar.
AI bilen ösümlikleriň daşky görnüşine baha berýän, bolup biljek keselleri kesgitleýän, makro we mikroelektrleriň ýoklugyny kesgitleýän we bejeriş meýilnamalaryny hödürleýän programmalar bar. Bularyň hemmesini öýjükli telefonda anyklamak bolýar.
Topragy bejermegiň täze ulgamlary we ýangyjyň alternatiw görnüşi
Intensiw ekerançylyk topragyň ýagdaýyna ýaramaz täsir edýär. Topragyň zaýalanmagy, adaty çemeleşmeleriň täzeden gözden geçirilmegine sebäp bolan global meseledir. Şeýlelik bilen, has seresaply toprak bejermek usuly has köp ulanylýar: hususan-da, no-till we mini-till. Ýüzleý topragy bejeriş çuň sürmegi aradan aýyrýar we şeýlelik bilen topragyň tebigy gurluşyny gorap saklaýar.
Täze tehnologiýalar oba hojalyk tehnikasyny ulanmagyň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün edýär. Hususan-da, bu alternatiw ýangyjyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Daýhanlar adaty benziniň, dizeliň we gazyň ýerine elektrik energiýasyny, şeýle hem bio-ýangyç ulanyp başlaýarlar: mysal üçin, miskantus ýa-da günebakar gabyklaryndan bölejikler.
Nurjahan Ýowyýewa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby