Brain Rot (Beýni çüýremesi) 2024-nji ýylda Oksford ýylyň sözi diýlip yglan edildi. Bu söz, häzirki sanly zamana ünsi çekýän we medeni we intellektual çekişmeleriň merkezinde durýan mesele hökmünde 2024-nji ýylda öz yzyny galdyrdy. Oksford Iňlis sözlüginiň neşirçisi Oksford uniwersitetiniň metbugaty tarapyndan döredilen alty sözli gysga sanawdan ýeňijini kesgitlemek üçin 37,000-den gowrak adam ses berdi. Iki hepdelik köpçüligiň ses bermegi bilen saýlanan bu söz, aň-düşünjäni ýitirýän mazmun bilen tükeniksiz aýlanmagyň täsirini suratlandyrýar.
Brain Rot (Beýni çüýremesi) näme?
Brain Rot (Beýni çüýremesi) adamyň akyl ýa-da intellektual ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy hökmünde kesgitlenýär. Bu ýagdaý köplenç ownuk ýa-da kyn däl materiallary aşa köp sarp etmek bilen baglanyşykly (esasanam häzirki wagtda onlaýn mazmun).
Oksford uniwersitetiniň metbugaty bu sözüň, «pes hilli mazmuny aşa köp sarp etmegiň täsiri, esasanam sosial mediýa täsirleri barada alada bildirmek üçin 2024-nji ýylda täze orny eýeleýändigini» aýtdy. “Brain Rot” sözlük neşirçisiniň gysga sanawynda demure, romantasy, lore, slop we dynamic pricing ýaly başga-da bäş söz we sözlemi ýeňdi.
Bu adalganyň (sözüň) ilkinji gezek ulanylyşy Genri Deýwid Toronyň 1854-nji ýylda ýazylan Walden atly kitabynda ýer alypdyr.