Okuw öwrediji programmalar häzirki wagtda kompýuter tehnologiýalary arkaly sesiň ýokary hilliligi we ýazgylaryň mümkinçilikleri, okuw maksatlary üçin giňden ulanylýar. Häzirki zaman personal kompýuterlerde okatmagyň interaktiw
usullary giňden ulanylýar. Interaktiw okuwly ösen döwletlerde hem giňden ornaşdyrylan. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimizde hem okatmagyň iň kämil usuly bolan multimedia-interaktiw okuwlary milli bilim edaralarynyň ählisinde giňden ornaşdyrylandyr. (Aşakdaky surat).
Bu surat. Multimedianyň interaktiw okuwlary
Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde okuw öwrediji programmalar interaktiw tagtalarda giňden ulanylýar. Interaktiw tagtanyň kömegi bilen okuw sapaklary guramak häzirki wagtda dünýäniň iň döwrebap okuw usuly hasaplanýar. Suratlar ýa-da hereketli grafikler saz bilen bilelikde berlende, köp adamlara öz güýçli täsirini ýetirýär we islendik zady özleşdirmekde multimedia ulanylaýsa, örän netijeli bolýar (Aşakdaky surat).
Bu surat. Terjime ediji programmalaryň görnüşleri
Türkmenistan döwletimizda milli ylym‑bilim ulgamynda häzirki zaman maglumat beriş we kabul ediş gurallary bolan interaktiw tagtalaryň ulanylmagy şu günki nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrýar. Terjime ediji kompýuter programmalaryň kömegi bilen ýazgylaryň aýratyn böleklerini ýa-da sözlükleri peýdalanyp, ýazgylardaky nätanyş sözleri terjime edip bilýär. Terjime ediji programmalaryň hataryna Lingvo, Promt, Socrat ýaly ady giňden ýaýran programmalary goşup bolar.