“OnePlus” 2024-nji ýylda tegelek aýlawly markaly akylly sagady hödürlemekçi. Bu barada içerki ygtyýar Maks Jambora salgylanmak bilen “Android Authority” portaly habar berdi.
Markanyň bukjasynda eýýäm iki jübüt akylly sagat bar: 2021-nji ýylda çykan “OnePlus Watch” we 2022-nji ýylda býujet “OnePlus Nord Watch”. Şeýle-de bolsa, iki ýagdaýda-da “Apple Watch” ýa-da “Google Watch” ýaly akylly sagatlaryň funksiýasyny doly ýerine ýetirmeýän fitnes yzarlaýjylarydy. Şeýle-de bolsa, eýýäm 2024-nji ýylda “OnePlus” doly akylly sagat hökmünde ýerleşdiriljek tegelek aýlaw bilen “Watch 2” -ni çykarmakçy.
Aýtmaklaryna görä, enjam 466×466 durulykda ekrany alar we öndürijiligi energiýa tygşytlaýan BES 2700 prosessorly Qualcomm Snapdragon W5 Gen 1 jogapkär bolar. Sagadyň “Always On Display” funksiýasyna, ýumruk gysyş hereketine, eSIM goldawyna eýe boljakdygyna, şeýle hem ganyň kislorod derejesini ölçemäge, stres görkezijilerini yzarlamaga, ukynyň we türgenleşigiň hiline, hatda EKG almagyna garaşylýar. “OnePlus” akylly sagatlarynyň bahasynyň näçeräk boljakdygy belli däl. Ilkinji model şol wagt 159 dollara hödürlenipdi.
Hanymjan KURAMBAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby