Hytaýda şu gün OnePlus kompaniýasynyň OnePlus 15 bilen OnePlus Ace 6 modelleriniň resmi taýdan tanyşdyrylyş dabarasy geçirilýär. Ýöne, resmi tanyşdyrylyşdan birnäçe sagat öň, bu iki enjamyň — OnePlus 15 hem-de OnePlus Ace 6 modelleriniň bahasy baradaky maglumatlar Hytaýyň Weibo sosial media platformasynda peýda boldy.

Maglumatlara görä, OnePlus 15-iň 16 GB RAM we 256 GB ýady bolan görnüşi 4.299 ýuan (takmynan 605 dollar) baha bilen satuwa çykar. Bu akylly telefonyň 16 GB / 512 GB görnüşiniň bahasy 4.899 ýuan (690 dollar), iň ýokary 16 GB / 1 TB görnüşiniň bahasy bolsa 5.399 ýuan (760 dollar) bolar.

Şol bir wagtda, OnePlus Ace 6-nyň 12 GB RAM we 512 GB ýady bolan görnüşiniň bahasy 3.099 ýuan (435 dollar) bolar. Bu akylly telefonyň has güýçli 16 GB / 512 GB görnüşiniň bahasy bolsa 3.399 ýuan (480 dollar) diýip çak edilýär. Mundan başga-da iki enjamyň hem — OnePlus 15 hem-de OnePlus Ace 6 modelleriniň 12 GB RAM / 256 GB ýady bolan görnüşleriniň çykmagyna garaşylýar. Bu ýagdaý bolsa, başlangyç bahalaryň has arzan bolmagynyň mümkindigini görkezýär.
OnePlus 15 modeliniň aýratynlyklary

OnePlus 15, 2772 × 1272 piksel çözgütli 6,78 dýuým OLED ekrana we 165 Hz üýtgeýän täzelenme tizligine eýe. Enjam, Snapdragon 8 Elite Gen 5 çipset bilen işleýär we goşa öýjükli batareýa bilen üpjün edilýär. Arka tarapynda 50 megapiksel + 50 megapiksel + 50 megapiksel üç kameraly gurnama, 3x optiki ýakynlaşdyrma bilen periskop telefoto linzasy bar. Öň tarapynda 32 megapiksel kamera bar.
OnePlus Ace 6 modeliniň aýratynlyklary

OnePlus Ace 6 modelinde birneme kiçi 6,83 dýuýmlyk 1,5K ekran we Snapdragon 8 Elite prosessor bilen gelýär. Enjamda 7.800 mAh batareýa we 120W çalt zarýad beriş goldawy bar. Mundan başga-da, ultrases ekran astyndaky barmak yzy datçigi, metal çarçuwasy we IP68/69/69K sertifikatlary ünsi çekýär. Kamera tarapynda 50 megapiksel + 8 megapiksel goşa arka kamera we 16 megapiksel öň kamerasy bar.

Enjamyň gara, kümüş we ak reňk görnüşlerinde satuwa çykjakdygy habar berildi.




