Bloomberg internet neşiriniň habar bermegine görä, OpenAI kompaniýasy bahasy 38 milliard dollar bolan ýedi ýyllyk şertnamany «Amazon Web Services» (AWS) bilen baglaşdy. Şertnama laýyklykda, OpenAI kompaniýasy Nvidia CORP.-yň ýüzlerçe müň grafiki prosessorlaryna (GPU) girmäge mümkinçilik alar. Bu bolsa emeli aň ulgamlaryny ösdürmek hem-de taýýarlamak üçin hasaplaýyş mümkinçiliklerini ep-esli artdyrar.
Bloomberg internet neşiriniň bellemegine görä, bu şertnama OpenAI-yň barlag laboratoriýasy derejesinden dünýäniň emeli aň senagatynyň esasy oýunçylarynyň birine öwrülendigine ýene bir subutnama bolýar. Amazon üçin bolsa bu ädim iri göwrümli maglumat merkezlerini döretmekde we dolandyrmakda öňdebaryjy ornuny tassyklaýar.
Şertnama yglan edilenden soň, NASDAQ biržasynda Amazonyň paýnamalarynyň bahasy duşenbe güni 5,88% ýokarlandy we bir paý üçin iň ýokary 258,6 dollara ýetdi.
CNBC-niň maglumatyna görä, mundan ozal OpenAI Microsoft bilen aýratyn bulut hyzmatdaşlygyna eýe bolupdy, ýöne onuň “aýratynlyk statusynyň” möhleti tamamlandy. Bu bolsa kompaniýa beýleki bulut hyzmatlaryny hödürleýän üpjün edijiler bilen işleşmäge mümkinçilik berdi. Şol bir wagtda OpenAI Microsoft-dan hyzmatlary satyn almagy dowam etdirer — bu şertnama takmynan 250 milliard dollarlyk möçberde bahalandyrylýar.
Beýleki tarapdan, 28-nji oktýabrda Microsoft bilen OpenAI täze uzak möhletli hyzmatdaşlyk barada ylalaşma baglaşdy. Bu şertnama OpenAI-yň täjirçilik bölüminiň jemgyýetçilik peýdaly korporasiýa (Public Benefit Corporation — PBC) görnüşine öwrülmegini we kompaniýanyň maliýe taýdan dikeldilmegini göz öňünde tutýar. Geleşik gutarandan soň, Microsoft OpenAI Group PBC-niň 27% paýyna eýe bolar. Bu paý takmynan 135 milliard dollar bahalandyrylýar.



