Tehnologiýa dünýäsiniň öňdebaryjy emeli aň kompaniýasy OpenAI, programma üpjünçiligi pudagyndaky üstünliklerini enjam (hardware) dünýäsine geçirmäge taýýarlanýar. Şereket doly emeli aň gurallaryna we otonom agentlere esaslanýan öz akylly telefonyny öndürmek üçin dünýä belli çip öndürijisi MediaTek bilen resmi hyzmatdaşlyga başlady. Meşhur pudak analitigi Ming-Çi Konyň berýän maglumatlaryna görä, bu täze enjam adaty programma (app) interfeýsleriniň deregine, ulanyjynyň isleglerini özbaşdak ýerine ýetirýän emeli aň ulgamlaryna jemlener. Taslamanyň 2027-nji ýylyň birinji ýarymynda köpçülikleýin önümçilige girizilmegi we Apple iPhone 18 Pro ýaly ýokary segmentli modellere bäsdeş bolmagy meýilleşdirilýär.
MediaTek näme?
MediaTek — smartfonlar, planşetler, akylly telewizorlar we beýleki elektron enjamlary üçin prosessorlary (çipsetleri) öndürýän taýwan tehnologiýa kompaniýasydyr. Kompaniýanyň “Dimensity” we “Helio” atly prosessorlary köp Android telefonlarynda ulanylýar. MediaTek çipleri ýokary öndürijilik, oýunlar üçin optimizasiýa, emeli aň (AI), 5G internet goldawy hem-de energiýa tygşytlylygy bilen tanalýar. Häzirki wagtda OPPO, Xiaomi, vivo, realme we beýleki köp brendler öz enjamlarynda MediaTek tehnologiýalaryndan peýdalanýar.
Ýörite 2nm prosessor we enjam arhitekturasy
OpenAI we MediaTek hyzmatdaşlygy, TSMC kompaniýasynyň iň kämil 2 nanometr (2nm) önümçilik tehnologiýasy bilen işlenip taýýarlanyljak ýörite prosessoryň üstünde jemlenýär. Dimensity 9600 seriýasynyň binýadynda guruljak bu ýörite çip, OpenAI tarapyndan aýratynlykda işlenip taýýarlanylýan «Agent OS» operasion ulgamy bilen doly sazlaşykly işläp taýýarlanylar.
Aşakdaky düwmä basyp, Google Discover arkaly biziň ýörite seljerme we iň soňky täzeliklerimizi yzarlaň.
Enjamyň içki gurluşynda hakyky wagtda işleýän amallar üçin pes güýç sarp edýän bir NPU (Neýron prosessor birgidi) we has çylşyrymly logiki netijeler çykarýan güýçli ikinji bir NPU bilelikde ýerleşdiriler. Şeýle hem enjamda hakyky wagtda daşarky gurşawy analiz etmek üçin kämil HDR şekil signaly prosessory, ýokary tizlikli LDR6 RAM we UFS 5.0 ýat duralgasy ulanylar.
Programmalaryň ornuny tutýan akylly agentler
OpenAI-nyň bu täze taslamasy ulanyjylaryň dürli amallary ýerine ýetirmek üçin programmalaryň arasynda geçip wagt ýitirmek zerurlygyny aradan galdurmagy maksat edinýär. Enjam ýönekeý we howpsuzlyk talap edýän meseleleri hakyky wagtda öz içinde işlese, has uly hasaplamalary we amallary bulut (cloud) serwerlerine geçiryän gibrid ulgamda işlär. Bu strategiýa OpenAI kompaniýasyna Apple we Google ýaly platforma eýeleriniň API çäklendirmelerinden garaşsyz hereket etmäge şert döreder. Şirket 2027-nji we 2028-nji ýyllaryň aralygynda jemi 30 million sany satuw möçberini maksat edinýär we enjamy «ChatGPT Pro» ýaly premium abunalyk paketleri bilen bilelikde bazara hödürlemegi meýilleşdirýär.


