«OpenAI» kompaniýasynyň esaslandyryjysy we öňki esasy ylmy işgäri Ilýa Suskever adam başarnygyndan ýokary «ygtybarly» emeli intellekt ulgamyny ösdürmäge niýetlenilen «Safe Superintelligence» (SSI) atly täze başlangyjyny durmuşa geçirmek üçin 1 milliard dollar toplady. Bu barada «Reuters» neşiri habar berdi.
SSI Kaliforniýadan we Ysraýyldan bary-ýogy on adamdan ybarat uly bolmadyk ylmy-derňew işini geçirijiler we inženerler toparyny döretmegi meýilleşdirýär.
SSI-de esasy wezipeleri OpenAI kompaniýasynyň öňki işgärleri eýeleýär: Daniel Lewi öňdebaryjy alym, «Apple» kompaniýasynda AI bölümine ýolbaşçylyk eden Daniel Gross baş direktor wezipesine bellendi.
SSI-de häzirki wagtda önüm ýok we birnäçe ýyllap satuwa çykarylmagyna garaşylmaýar.
«The Verge» SSI maliýeleşdirmegi Kaliforniýada emeli aňy kadalaşdyrmak baradaky täze kanunçylyk başlangyçlaryna garşy çykýan a16z wençura kapital firmasy tarapyndan goldanylandygyny habar berdi.
Suskeweriň özi, 2024-nji ýylyň maý aýynda dolandyryş meselesi bilen baglanyşykly düşünişmezlik zerarly, şeýle-de emeli aňy adamzat gymmatlyklaryna uýgunlaşdyrmak ugrunda işleýän toparynyň dargamagy sebäpli «OpenAI» kompaniýasyndan işden çykdy. SSI bu meselede pudagyň bölünmegine garamazdan howpsuz emeli aň çözgütlerini ösdürmegi wada berýär.