«OpenAI»-niň baş direktory (CEO) hem-de emeli aň dünýäsiniň iň tanymal adamlarynyň biri Sam Altman tehnologiýa dünýäsindäki hereketliligini emläk bazaryna-da geçirdi. Ol ABŞ-nyň Gawaýi ştatynyň Big Island (Uly Ada) adasyndaky, şahsy dynç alyş seýilgähine meňzeýän, 22 müň inedördül metr meýdany bolan umman kenaryndaky kaşaň köşgüni 49 million dollar baha bilen satuwa çykardy.

Altman bu jenneti künjegi 2021-nji ýylda Microsoft-yň merhum esaslandyryjysy Paul Allen-iň mülk ýerinden 43 million dollara satyn alypdy. Bu ýer diňe ýerleşişi bilen däl, eýsem hödürleýän ajaýyp mümkinçilikleri bilen hem ünsleri özüne çekýär.
Bu mülki adaty kaşaň ýaşaýyş jaýlaryndan tapawutlandyrýan tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklar — onuň hususy deňiz gämisiniň we dikuçara niýetlenen meýdançasynyň bolmagydyr. Köşk Ýuwaş ummanynyň dury, gök reňkli suwlaryna gönüden-göni geçelgesi bolan deňziň adam tarapyndan döredilen çägeli kenar hem bar. Dikuçarlyga düşelge bolsa şahsy durmuşyň goraglylygyny we aňsat elýeterliligi isleýän baý adamlar üçin iň möhüm aýratynlyklaryň biridir.
Bu ägirt uly mülk Gawaýi ştatynyň abraýly Kailua-Kona kenarýaka zolagynda ýerleşýär. Uly ýer bölegi bir esasy jaýdan, bir myhman jaýyndan we bir kenarýaka bungalowyndan ybarat. Umuman 10 sany ýatylýan otagy we 11,5 sany hammam otagy bar. Köşk 2011-nji ýylda meşhur de Reus Architects arhitektura studiýasy tarapyndan dizaýn edilendir.
Jaýlaryň taslamasynda içki we daşky giňişligiň arasynda araçäk goýmaýan, açyk meýilnamaly arhitektura ulanylypdyr. Bu hem Kailua aýlagynyň we ummanyň gözel görnüşiniň öýüň islendik burçundan görünmegine mümkinçilik döredýär.
Tehnologiýa taýdan näme bar?
Sam Altman ýaly tehnologiýa lideriniň öýi diýlende, “içinde nähili futuristik tehnologiýalar bar?” diýen soraglar döreýär. Ýöne satuw bildirişleri we emläk baradaky jikme-jik maglumatlar jaýyň tebigy gözelligi, ýaşyrynlygy we hödürleýän aňrybaş fiziki hyzmatlaryny tehnologiki faktorlardan has ileri tutýandygyny görkezýär.
Şahsy ähmiýeti hem bar
Bu satuw diňe bir emläk maýa goýumy däl, eýsem Sam Altman üçin şahsy taýdan hem bir ähmiýete eýe. Ol bu köşkde 2024-nji ýylyň ýanwarynda ýoldaşy Oliver Mulherin bilen durmuş gurupdy.
Öýi 43 million dollara satyn alyp, gysga wagtda 49 million dollara satuwa çykarmagy bolsa, Gawaýidäki ultra-kaşaň emläk bazarynyň gymmatynyň näderejede ýokarydygyny görkezýär. Ýylyna 630 müň dollardan gowrak emläk salgydynyň bardygy hem täze eýesiniň eýýäm gyzyklanma döredýändigini görkezýär.
Sam Altmanyň köşginiň ähli aýratynlyklary:
Umumy maglumatlar:
- Ýerleşýän ýeri: Gawaýi, Big Island, Kailua-Kona
- Ýeriň ölçegi: 21.8 dönüm (≈ 88 200 m²)
- Binalar: Esasy jaý, myhman jaý we kenarýaka bungalowy
Otaglar:
- Ýatylýan otaglar: 10 sany
- Hammam otaglary: 11,5 sany
Içki giňişlik:
- Taslama: Açyk meýilnamaly, içki we daşky giňişlik bir bitewi görnüşde
- Enjamlaşdyrylyşy: Köp sany ýaşaýyş otagy, kino zaly, döwrebap aşhana, nahar barly ýerler
Daşky giňişlik we mümkinçilikler:
- Hususy deňiz gämisi: Umman bilen gönüden baglanyşykly
- Emeli plýaž: Içerki meýdançanyň bir bölegi
- Dynç alyş mümkinçilikleri: Gyzdyrylan howuzlar, spa, basketbol we tennis meýdançalary
- Ulag elýeterliligi: Dikuçara düşelge bar




