Özüniň «ChatGPT» çat-boty bilen belli bolan «OpenAI» amerikan kompaniýasy «Sora» ady bilen emeli aňyň esasynda täze gural döretdi. Bu barada «ru.euronews.com» internet neşirinde habar berildi.
«Sora» ýazgy beýany esasynda dowamlylygy 1 minuta çenli bolan hakyky we döredijilikli wideolary döredip bilýär. Neýroulgam rekwizitiň we personažlaryň takyk şekilleri bilen hakyky sahnalary hem döretmäge ukyply. Şol bir wagtyň özünde, wideodaky personažlar ynandyryjy emosiýalary görkezip bilerler. Mundan başga-da, «Sora» hereketsiz şekilleri «janlandyryp», taýýar wideolara kadr goşup ýa-da olaryň üstüni ýetirip bilýär.
Häzirlikçe «Sora»-nyň çäklendirmeleri bar, «OpenAI» neýroulgamyň çylşyrymly sahnalary modelirlemekde ýalňyşlyk goýberip biljekdigini duýdurýar.
Häzirki wagtda «Sora» bolup biljek zyýanlar we töwekgelçilikler babatda modeli bahalandyrýan «gyzyl toparlar» tarapyndan synagdan geçirilýär. «OpenAI» bu täze tehnologiýanyň oňyn ulanylyş taraplaryny kesgitlemäge kömek eder ýaly dünýäniň ähli ýerinden syýasatçylary, mugallymlary we suratkeşleri çekmegi meýilleşdirýär. Çünki gürrüň wideo mazmun pudagyny üýtgedip biljek rewolýusion gural barada gidýär.