«Meta» hakykata has ýakynlygy bilen tapawutlanýan «Orion» akylly äýnekleriniň täze nusgasyny görkezdi.
Täze önüm äýnekdäki maglumatlaryň golografiki görkezilişini hödürleýär. Ol emeli aň tehnologiýasynyň mümkinçiligi esasynda işleýär.
«Orion» kompaniýasynyň wekilleri bu önümi şu wagta çenli döredilen iň kämil hakykat äýnegi hasaplaýarlar. Täze tehnologiýa döwrebap hasaplamalaryň esasynda ähli ugurlarda diýen ýaly edilen oýlap tapyşlarynyň netijesidir. Enjamyň esasy aýratynlyklaryndan biri-de, äýnegiň aýnalarynda gologramma görkezmek üçin kiçi proýektorlaryň ulanylmagy bolup durýar. «Magic Leap», «Microsoft HoloLens» ýa-da «Google Glass» ýaly öňki AR önümlerinden tapawutlylykda, «Orionyň» äýnekleri ulanyjyny daşky gurşawdan saklamaýar.
«Orionyň» bu önüminiň ýeňildigi, şeýle-de binanyň içinde bolşy ýaly, daşarda hem işleýändigi tassyklanylýar. Äýnek hakyky görüş giňişligini golografiki öwüşgin bilen örtüp, smartfonyň ekranynyň çäginden daşary «sanly täsir» döretmäge mümkinçilik berýär. Onda kremniýniň karbid linzalaryna tolkunlar arkaly şekil berýän mikro LED proýektorlary ulanylýar.
«Oriona» emeli aňyň mümkinçilikleri ornaşdyryldy. Mysal üçin, äýnegi geýip sowadyjyňyza göz aýlamak bilen, emeli aň kömekçisinden şol ýerdäki önümlerden taýýarlap boljak tagamlaryň düzümini sorap bilersiňiz. Tehnologiýada sözleri terjime etmek ýaly has ýönekeý hem peýdaly mümkinçilikler hem bar.