Personal kompýuterleriň programma üpjünçiligi özara bagly bolan şu aşakdaky böleklerden durýar:
1. Ulgamlaýyn programma üpjünçiligi;
2. Amaly programmalar;
3. Programmirleme ulgamlary.
Ulgamlaýyn programma üpjünçiligi diýip, kompýuteri dolandyrmak üçin gerek bolan ulanyja beýleki programmalary döretmäge mümkinçilik berýän, şeýle hem ulanyja hyzmat etmek üçin ulanylýan programma üpjünçiligine aýdylýar.
Ulgamlaýýn programma üpjünçiliginiň düzümine şu aşakdakylar degişlidir:
– operasion ulgamlar;
– örtükler (gurşawlar);
– tehniki taýdan hyzmat ediji programmalar;
– gulluk programmalar (utilitalar).
Indi bolsa programmada sanalyp geçilen ulgamlaýyn programma üpjünçiliginiň her bölegine häsiýetnama bereliň. Onuň birinji bölegi kompýuteriň programma üpjünçiliginiň özeni bolup, ol operasion ulgamlardan durýar.
Operasion ulgam – hasap işini we kompýuteriň hemme gurluşlaryny dolandyrýan hem-de işläp taýýarlaýan programmalaryň modullaryndan ybaratdyr.
Operasion ulgamyň käbir ýerine ýetirýän işleri:
– kompýuteriň başlangyç ýüklenmesini ýerine ýetirmek;
– kompýuteriň gurluşlarynyň işlerini dolandyrmak;
– faýl ulgamyny dolandyrmak;
– ulanyjy bilen kompýuteriň özara aragatnaşygyny guramak;
– amaly programmalary kompýutere gurmak we olar bilen işlemek;
– amaly programmalaryň arasynda kompýuteriň resurslaryny
peýdalanmak (prosessor, operatiw we ş.m.).
Häzirki wagtda birnäçe operasion ulgamlar bardyr. Olardan ady bellileri Windows XP, Windows7, Unix, Linux. Operasion ulgamlaryň arasynda ýöriteleşdirilen operasion ulgamlar hem bar:
1. Cisco Systems kompaniýanyň IOS ulgamy kommunikasiýa meseleleri çözmek üçin niýetlenen;
2. MacOS ulgamy bellibir apparat platforma üçin döredilen, ýagny Macintosh kompýuterler üçin;
3. PalmOS we Windows CE, Windows Mobile, Windows Phone 7 ulgamlar mini, jübi kompýuterler, mobil telefonlar üçin döredildi;
4. Sun Microsystems firmanyň Solaris ulgamy inter we intratorlarda ulanylýar;
5. Google Inc., Open Handset Alliance kompaniýalaryň Android portatiw, tor operasion ulgamy kommunikatorlarda, netbuklarda, smartbuklarda, planşet kompýuterlerde ulanylýar. Ol Linux ýadrosynyň esasynda döredilen. Android operasion ulgamy ilkinji gezek 2008-nji ýylda goýberildi.
Operasion ulgamlaryň örtükleri /gurşawlar/ (Operating systems shells) – ulanyjylara operasion ulgamynyň buýruklaryny ýerine ýetirmek üçin amatly mümkinçilik berýän programmalar.
Örtük ulanyjynyň hem-de operasion ulgamynyň arasyndaky interfeýsi guramak wezipesini ýerine ýetirýär. Her operasion ulgam ýörite özi üçin döredilen örtük bilen işleýär.
Faýllar dolandyryjysy (файловые менеджеры) – faýl ulgamynyň, ýagny maglumat göterijilerdäki faýllar we kataloglar bilen işlemegi ýeňilleşdirýän programmadyr.
MS-DOS we Windows operasion ulgamlarda ulanylýan operasion örtügi Norton Commander (NC), köplenç, faýllar dolandyryjysy hökmünde peýdalanylýar. Windows operasion ulgamynyň içinde döredilen faýllar dolandyryjysy bolup, Explorer (Проводник) hyzmatedýär.
Häzirki wagtda Windows operasion ulgamlarda işlemegi ýeňilleşdirmek üçin Far Manager, Total Commander ýaly faýllar dolandyryjylary ulanylýar. Olaryň umumy interfeýsi aşakdaky suratlarda getirilen.
Bu surat Far Manager programmasynyň interfeýsi
Bu surat Total Commander programmasynyň interfeýsi
Tehniki taýdan hyzmat ediji programmalara programma draýwerleri degişlidir. Draýwer (iňl. Driver, рус. Драйвер) – kompýutere birleşdirilen çetki enjamlaryň operasion ulgam bilen özara aragatnaşyk saklamagyna mümkinçilik döredýän, her bir enjam üçin ýörite düzülen programma. Draýwer programmasy kompýuterdäki operasion ulgam işe başlanda, ol hem awtomatik ýagdaýda göze görünmän, öz işine başlaýar. Dürli operasion ulgamda şol bir enjamy işletmeklik üçin dürli görnüşli draýwerler gerek bolýar. (aşakdaky surat).
Bu surat. Dürli apparat serişdeleri üçin draýwerler
Gulluk programmalar (utilitalar) – olary kömekçi programma gurallary diýip hem atlandyrýarlar. Olaryň kömegi bilen kompýuteri, operasion ulgamy, gaty diski, beýleki gurluşlary barlaýarlar.
Bu surat. Utilitalar
Bu programmalaryň köpüsi ýüze çykýan kemçilikleri düzedýär ýa-da kompýuteriň we operasion ulgamynyň işini ýeňilleşdirýär.
Utilita programmalary ulanyjylara kompýuteri we onuň programma üpjünçiligine hyzmat ediji serişdelerini berýär, olar aşakdaky işleriň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär:
– maglumat göterijilerine hyzmat edýän programmalar
- CCleaner;
- Reg Organizer;
- Uninstall Tool we ş.m.
– faýllaryň we papkalaryň maglumatlarynyň ätiýaçlyk nusgasynyalmak üçin hyzmat edýän programmalar
- Flash Memory Toolkit;
- Acronis_Disk;
- Windows 7 Manager we ş.m.
– kompýuteriň resurslary barada maglumat bermek üçin hyzmat edýän programmalar
- Aida 64 (öňki Everest);
- DirectX we başgalar.
– kompýuter wiruslaryndan goramak üçin hyzmat edýän programmalar
- ESET Smart Security;
- Kaspersky Internet Security;
- Dr.Web;
- AutorunRemover; we ş.m.
– faýllary, papkalary arhiwirlemek üçin hyzmat edýän programmalar
- 7-Zip;
- WinRAR,
- WinZip we ş.m.
– maglumatlary dikeltmek üçin hyzmat edýän programmalar
- PowerDataRecovery;
- File Recovery Tools we ş.m.
Sanalan işleriň biri üçin peýdalanylýan aýratyn utilitalar, şeýle hem köp işleri ýerine ýetirýän utilitalar bar. Programma üpjünçiliginiň amaly programmalar bölegi kesgitli maksatly meseleleri çözmek üçin niýetlenilendir. Seýle programmalara kä halatlarda goşundylar hem diýilýär. Amaly programmalar (iňl. Application, rus. Прикладная программа) – bu kompýuterde operasion ulgamyň işi bilen bagly bolmadyk kompýuter ulanyjynyň işleriniň ugrunda bolan programma. Amaly programmalaryň hataryna ýazgy redaktorlar, tablisa redaktorlar, maglumat bazalaryny dolandyrýan ulgamlary, grafiki programmalar, neşirýat ulgamlary, öwrediji programmalar, multimedia programmalary, sözlükler we terjime programmalary we ş.m. girýär.