Personal kompýuterde meseleleri çözmek üçin işleýän programmalaryň we olary ulanmaga degişli bolan resminamalaryň toplumy onuň programma üpjünçiligidir.
Ýaýradylyş we ulanylyş usuly boýunça programma üpjünçiligi birnäçe toparlara bölünýär:
1. Birwagtda birnäçe operasion ulgamlarda işleýän programma üpjünçiligi (кроссплатформенное программное обеспечение). Bu programma üpjünçiligiň esasy aýratynlygy – dürli operasion ulgamlarda (meselem, Unix, Windows, Linux) birmeňzeş interfeýsi ulanylýar.
2. Hususy programma üpjünçiligi (проприетарное программное обеспечение, iňl. proprietary software; proprietary – частное, патентованное). Bu programma üpjünçiligi ony döreden awtoryň hususy eýeçiliginde bolup durýar.
3. Erkin programma üpjünçiligi (Free Software). Bu programma üpjünçiligi islendik kompýuterde çäklendirmesiz gurlup bilner. Erkin programma üpjünçiligi ulanyja șu așakdaky hukuklardan peýdalanmaga mümkinçilik berýär:
- islendik maksatlar üçin programma üpjünçiligi erkin ulanmak;
- programmanyň deslapky kody açyk bolan ýagdaýda programma üpjünçiligi erkin ulanmak;
- programma üpjünçiligi erkin ýaýratmak (tölegli ýa-da tölegsiz);
- programma üpjünçiligi kämilleșdirmek (eger-de programmanyň deslapky kody açyk bolsa).
4. Açyk programma üpjünçiligi (iňl. Open-Source Software) –deslapky, bașlangyç kody açyk bolan programma üpjünçiligi. Bu programmalaryň deslapky koduny görüp bolar hem-de ony öwrenip, üýtgedip bolýar. Şonuň bilen birlikde ulanyjy üýtgemeleri girizip, programmada ýüze çykýan ýalňyșlyklary, näsazlyklary düzedip bilýär ýa-da bu programmanyň koduny täze programmalary döretmek üçin ulanyp biler.
Open Source Initiative (OSI) guramasy açyk programma üpjünçiligine tehniki goldawyny berýär. Bu gurama 1998-nji ýylyň fewral aýynda döredildi, onuň esaslandyryjylary – Brýus Perens we Erik Reýmond. Şol wagt Netscape Communications Corporation Netscape Communicator programmanyň deslapky koduny erkin programma üpjünçiligi
hökmünde çap etdi.
Dünýäde programma üpjünçiligini öndürýän öňdebaryjy kompaniýalara mysal hökmünde ABŞ-nyň Microsoft, Oracle, IBM, Symantec, EMC Corporation, HP (Hewlett-Packard Company), VMware, CA technologies, Salesforce.com, Germaniýanyň SAP ýaly kompaniýalaryny görkezmek bolar.