Pumanyň paýnamalary kompaniýanyň Hytaýyň sport aýakgaplaryny, egin-eşikleri we esbaplary öndürijisi Anta Sport tarapyndan satyn alnyp bilinjekdigi baradaky habardan soň ýokarlandy. Mümkin bolan şertnama baradaky maglumat 27-nji noýabrda Frankfurt-na-Maýndaky XETRA biržasynda paýnamalaryň 17,4% ýokarlanyp, iň ýokary derejesinde 19,965 ýewro ýetmegine getirdi. Soňra ösüş haýallady.
Bloomberg internet neşiriniň maglumatlaryna görä, Anta Sports şertnama üçin hususy maýa goýum kompaniýasy bilen birleşip biler. Beýleki dalaşgärleriň arasynda Olimpiýa çempiony Li Nin tarapyndan esaslandyrylan Li-Ning hytaý brendi we Asics ýapon kompaniýasy bar. Çeşmeler gepleşikleriň irki tapgyrdadygyny we entek şertnama kimiň gatnaşjakdygynyň belli däldigini habar berýär.
Bloomberg Puma kompaniýasynyň iň uly paýdarynyň – fransuz milliarderi Fransua-Arni Pinonyň maşgalasynyň has uly mukdara garaşyp bilmeginiň ylalaşyk gazanmakda päsgelçilik döredip biljekdigini belleýär. Pino maşgalasyna degişli bolan Artémis maýa goýum holdingi kompaniýanyň paýnamalarynyň 29%-ine eýeçilik edýär.
2022-nji ýyldan 2024-nji ýyl aralygynda Puma kompaniýasynyň arassa girdejisi 20% azalyp, 2024-nji ýylda 281,6 mln ýewro boldy. Kompaniýa baş direktor Artur Holduň ýolbaşçylygynda görkezijileri gowulandyrmaga çalyşýar. 2025-nji ýylyň tomsunda kompaniýanyň operasion müdiri Adidas-yň öňki ýolbaşçysy Andreas Hubert boldy.
Puma Angliýanyň Premýer-ligasynyň “Mançester Siti” toparynyň, Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň we Daniýanyň gandbol boýunça erkekler ýygyndysynyň hemaýatkäridir.



