Global tehnologiýa bazarynda uzak wagtlap dowam eden we kompýuter ýygnaýanlary alada goýan “RAM krizisi” bilen baglanyşykly ilkinji oňyn habarlar gelip gowuşdy. Germaniýanyň belli tehnologiýa neşiri ComputerBase-iň Amazon maglumatlaryna esaslanyp geçiren seljermesine görä, operatiw ýat (RAM) bahalarynyň görnetin ösüşi saklandy we käbir modellerde arzanlama başlady.
RAM näme?
RAM kompýuterde gysga möhletli ýat ýaly hereket edýän ulgamdyr. Kompýuteri ep-esli çaltlaşdyrýan bu ulgam, kompýuter satyn alanyňyzda iň köp gözlenýän aýratynlyklardan biridir. RAM-da wagtlaýyn saklanýan maglumatlar ulgama gaýtadan işlenenden soň pozulýar. Täze maglumatlar öçürilen maglumatlary çalyşýar we aýlaw şeýle dowam edýär.
RAM bahalarynda garaşylmadyk öwrülişik
Hasabata görä, 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri RAM bahalary ortaça 314% ýokarlanyp, bäş aýyň içinde dört esse gymmatlapdy. Emma 2026-njy ýylyň Ýanwar-Fewral aýlarynda bu elhenç ösüş depgini haýallady. Barlag geçirilen 12 sany meşhur RAM modeliniň 9-synyň bahasy geçen aýa görä arzanlady.
Meselem, Crucial Pro Overclocking 32GB DDR5 toplumynyň bahasy Germaniýada bir aýyň içinde takmynan 20% arzanlap, 473 dollardan 378 dollara çenli aşak düşdi. Ýöne ABŞ bazarynda ýagdaý entek durnuksyz bolmagyna galýar; şol bir haryt okeanyň aňrysynda 5.7% gymmatlady.
SSD we HDD bazarynda ýagdaý entek “garaňky”
RAM bazarynda “howa ýylyşýan” bolsa-da, maglumat saklaýjy disklerde krizis dowam edýär.
HDD (Gaty Diskler): Bahalar 5 aý öňküsine görä 51% has gymmat. Diňe soňky bir aýda 5% goşmaça gymmatlama hasaba alyndy. Meselem, WD Red Plus 4TB modeli 21% gymmatlady.
SSD: Ýagdaý has çylşyrymly. NAND çiplerine bolan isleg sebäpli SSD bahalary sentýabr aýyna görä 86% ýokary. Meşhur WD_BLACK SN850X 2TB modeli Germaniýada bir aýda 33% gymmatlap, 289 dollara ýetdi.
Bahalar näme üçin düşmeýär?
Hünärmenler, bahalaryň gysga wagtyň içinde “köne arzan döwrüne” dolanmajakdygyny duýdurýarlar. Munuň esasy sebäbi hökmünde emeli intellekt (AI) merkezleriniň ägirt uly mukdarda ýat we disk talap etmegi görkezilýär. Zawodlar doly güýjünde işleýär, emma isleg üpjünçilikden has ýokary.


