Berlinde geçirilen IFA 2025 halkara sergisi ýene bir täzelige şaýat bolundy. Hytaýyň “Ant Group” kompaniýasy täze ösüşini Robbyant R1 humanoid robodyny halka hödürledi. Bu enjam diňe bir nahar bişirmek bilen çäklenmän, muzeýlerde ýolbelet ýa-da dermanhanalarda kömekçi hökmünde çykyş edip bilýändigi bilen tapawutlanýar.
R1 robodyň mümkinçilikleri
R1 aşhanada dürli işleri ajaýyp ýerine ýetirýär: ingredientleri saýlamak, peçde işlemek, nahar taýýarlamak we stoluň başyna hyzmat etmek. Başdan ahyryna çenli nämeleriň edilmelidigine düşünýär: gap-gaçlary ýygnamakdan başlap, nahar taýýarlamak ýaly işlere düşünýär. Bularyň hemmesi robotda ornaşdyrylan BaiLing emeli intellekt ulgamynyň kömegi bilen edilýär.
Işiň takyklygy giňişlik duýgusy ulgamy bilen üpjün edilýär. Robot pyçak, tagta ýa-da gök önümler ýaly zatlary tapawutlandyryp biler we olar bilen mümkin boldugyça seresaplylyk bilen işläp biler. Ýörite datçikler we algoritmler hereketleri netijeli we ygtybarly ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.
Robodyň aýratynlyklary
Kompaniýanyň wekilleri R1-iň diňe bir restoranlarda däl, eýsem saglygy goraýyş edaralarynda, syýahatçylykda we garrylara idegde-de uly kömekçi bolup biljekdigini aýdýarlar. Şonuň üçin robot diňe bir hyzmat pudagynda däl, eýsem gündelik durmuşda hem giňden ulanylmagy meýilleşdirilýär.
Bu bolsa robodyň geljekde biziň durmuşymyzda uly rol oýnajakdygyna şaýatlyk edýär.
Batyrow Eziz
Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby



