Üç gün dowam eden Bütindünýä gumanid robot olimpiadasy Hytaýyň paýtagty Pekinde tamamlandy. Olimpiýa görnüşindäki çärä 16 dürli ýurtdan 280-den gowrak topar gatnaşdy. Gatnaşanlaryň köpüsi uniwersitetlerden bolsa-da, “Unitree” we “Fournier Intelligence” ýaly öňdebaryjy robot kompaniýalary hem ýaryşlara gatnaşdylar.
Ilkinji uly robot olimpiadasy boldy
Unitree Robotics oýunlarda agdyklyk edip, iň üstünlikli topara öwrüldi. Şereket 1500 metr, 400 metr, 100 metr aralyga we 4×100 metr estafetada dört altyn medal gazandy. Robotlar diňe bir ýeňil atletika ýaryşlarynda däl, eýsem futbol we stol tennisi ýaly nusgawy sport görnüşlerinde, şeýle hem dermanlary sortlamak we arassalamak ýaly gündelik durmuş bilen baglanyşykly amaly meselelerde öz ukyplaryny görkezdiler.
Yaryşlarda iň ýokary tizlik sekuntda 4,78 metr bilen ölçenildi. 100 metr aralyga ylgamakda altyn medal gazanan “Tiangong Ultra” roboty aralygy 21,50 sekuntda tamamlady. Bu gezek Usain Bolt tarapyndan 2009-njy ýylda goýlan 9.58 sekunt dünýä rekordyndan gaty pes. Bu netijeler robot tehnologiýasynyň ösüşini adam öndürijiligi bilen gönüden-göni deňeşdirmegi üpjün edýär.
Guramanyň esasy maksady robotlary bäsdeşlik we dartgynly şertlerde barlamakdy. Şeýle ýaryşlar robotlara öz çäklerini görmäge we ösüşini çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Çylşyrymly kurslarda we ýaryşlarda käbir robotlar hatda biri-birine çümüp, ýere gaçdylar.



