Hytaý robotlar bilen bäsleşýän dünýäde ilkinji ylgaw marafonyny geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada “South China Morning Post” habar berdi.
Marafonyň aprel aýynda Pekiniň Dasin etrabynda geçirilmegine garaşylýar. Onda dünýädäki kompaniýalar tarapyndan işlenip düzülen adamsypat robotlar 12,000 adam bilen ylgar.
«Bu görlüp -eşidilmedik ýaryşlar Hytaýyň emeli intellekt we robot öndürmekde dünýäde öňdebaryjy bolmak islegini görkezýär» — bu barada Interesting Engineering ýazdy.
Ýaryş 21 kilometr aralygy geçýär. Iň gowy üç gatnaşyja baýraklar gowşurylar.
«Pekin Ykdysady we Tehnologiki Ösüş Sebitinde göz öňünde tutulan şertlere laýyklykda kompaniýalar, ylmy gözleg institutlary, robot klublary we dünýäniň dürli künjeklerinden uniwersitetler robotlary bilen marafona gatnaşarlar» — diýdi
Döredijiler üçin esasy talap, robotlaryň adam görnüşine mümkin boldugyça meňzeş bolmagydyr. Iki aýakda ýöremäge ýa-da işlemäge mümkinçilik berýän mehaniki gurluş bilen enjamlaşdyrylan bolmaly. Robotlaryň boýy 0,5-2 metr aralygynda bolmaly.
Uzakdan dolandyrylýan we doly özbaşdak robotlara ýaryşa gatnaşmaga rugsat berilýär we ýaryş wagtynda batareýalaryny çalşyp bolýar.



