Eziz körpeler, häzirki zaman dünýäsinde biziň ulanýan tehnologiýalarymyzyň programmalary örän çylşyrymly işleri çaltlyk bilen ýerine ýetirip bilýär. Tehnologiýalaryň başarnygynyň ummasyzdygyna garamazdan, olaryň işi bary-ýogy iki belgä, ýagny «0» we «1» sanlary bilen kesgitlenilýän kodlara daýanýar. Geliň, bu täsin ýagdaýa düşünmäge synanyşalyň!
Siziň jogapkärli we işeňňir robot dostuňyz bar diýip göz öňüne getiriň. Hatda onda siziň haýyşlaryňyzy eşider ýaly gulak hem ýok. Emma onuň içinde müňlerçe çyralar we olary öçürip-ýakyp bilýän düwmeler bar. «Salam», «sagbol», «süýji» ýaly sözleriň hiç birine düşünmeýän robot diňe çyranyň ýanandygyny we öçendigini bilýär. Diýmek, onuň bilen düşünişmek üçin çyralary ýakýan we öçürýän düwmäni ulanmaly.
Siziň telefonlaryňyzyň ýa-da kompýuterleriňiziň içinde «tranzistorlar» diýlip atlandyrylýan milliardlarça ownujak düwmeler bolýar. Olara elektrik energiýasy baran halaty «1», kesileni bolsa «0» sany bilen aňladylýar. Bu ulgam «ikileýin kod» diýlip atlandyrylýar.
Eýsem, «0» we «1» sanlary nädip suratlara, sözlere, şekillere öwrülýär? Bary-ýogy iki sanyň kömegi bilen nähili ýagdaýda biz multfilmlere tomaşa edip bilýäris? Bu sowallaryň ýönekeý jogaby bar. Biziň kömekçi robotlarymyz (kompýuterleriň we telefonlaryň programmalary) bu iki yşaraty toparlaşdyrmagy we tertipleşdirmegi başarýar.
Muňa has gowy düşünmek üçin 8 sany çyradan ybarat bolan zynjyry göz öňüne getiriň. Olary bir tertipde ýaksaň, «A» harpyny aňladýar, başga bir tertipde ýaksaň welin, «B» harpy bolýar.
Sen dostuňa hat ýazýan wagtyň kompýuter seniň basýan harplaryňy çyralary ýakýan we öçürýän düwmeleriň uzyn hataryna öwürýär we dostuň telefonyna ugradýar. Dostuň telefonynda bolsa başga bir kompýuter olary yzyna harp görnüşine öwürýär.
Şeýle täsin usula has gowy düşünmek üçin, geliň, işläp göreliň! Munuň üçin sanlary «çyralara» öwreliň. Bizde häzirlikçe diňe üç sany çyra bar. Olaryň yzygiderli ýerleşişi bilen dürli sanlary aňladyp bolýar:
0 0 1 — bu 1-lik
0 1 0 — bu 2-lik
0 1 1 — bu 3-lük
1 0 0 — bu 4-lük
Indi bolsa, 5-lik sany almak üçin «çyralary» nähili ýakmalydygyny biljek boluň! (Jogaby: 1 1 0 bolmaly).
Eger-de kompýuterler hem edil biz ýaly 10-a çenli sanlary ulanan bolsadylar, onda programmalaryň işinde bulaşyklyklar ýüze çykardy. Ikileýin kod bolsa olara diňe «hawa» we «ýok» diýen düşünjeler bilen düşünişmäge mümkinçilik berýär. Emma olaryň düwmeleriniň köp bolmagy şular ýaly çylşyrymly amallary çalt-çaltdan hasaplamaga kömek edýär.
Geliň, öwrenenlerimizi berkitmek üçin robotlaryň dilinden bir sözi terjime etmäge synanyşalyň! Aýdaly, bize kompýuteriň 5 çyraly zynjyrda gizleýän sözüniň syryny çözmek gerek. Onuň programmasyna görä, 00001 — А harpy, 00010 — B, 00101 — D harpy, 01111 — О harpy, 10010 — R harpy aňladýar. Şeýle bolsa, onda aşakdaky zynjyrda haýsy söz gizlenen?
10010
01111
00010
01111
10010
Geliň, şol gizlin sözi tapmaga synanyşalyň!



