Stellantis, Nvidia, Foxconn hem-de Uber kompaniýalary özbaşdak hereket edýän robotlaşdyrylan taksi awtoulaglaryny döretmek we önümçilige goýbermek babatda bilelikdäki başlangyjy yglan etdiler. Bu başlangyç Nvidia tarapyndan Waşingtonda geçirilen GTC 2025 konferensiýasynda tanyşdyryldy. Munuň özi, robotlaşdyrylan taksi bazarynda täze bir iri taslamanyň peýda bolýandygyny alamatlandyrýar.

Täze taslamanyň meýilnama laýyklykda, Stellantis awtoulaglary öndürer, Nvidia we Foxconn elektronika hem-de awtopilot ulgamlary üçin tehnologiýalary taýýarlar, Uber bolsa, bu ulaglary taksi hyzmatynda işletmek üçin platforma bilen üpjün eder.
Stellantis kompaniýasy eýýäm K0 Medium Size Van we STLA Small ýaly käbir platformalaryň awtopilot ulgamlaryna uýgunlaşdyrylmaga taýýardygyny belleýär. Bu model görnüşleri dürli wezipeleri ýerine ýetirmäge hem-de ýolagçy sygymyny artdyrmaga mümkinçilik berer.

Nvidia hyzmatdaşlaryna Drive AGX Hyperion 10 apparat platformasyny we DriveOS operasion ulgamyny hödürlär. Foxconn bolsa häzirki wagtda Stellantis bilen enjamlary integrirlemek boýunça tehniki hyzmatdaşlyk edýär.
Köpçülikleýin önümçiligiň 2028-nji ýylda başlanmagyna garaşylýar. Ilkinji tapgyrda 5000 sany robotaksi ABŞ-da Uber tarapyndan ulanylar, soňra taslama başga ýurtlara hem ýaýradylar.
Stellantis mundan öň hem awtonom ulaglar boýunça Pony.ai bilen hyzmatdaşlyk edýärdi. Täze hyzmatdaşlyk bolsa tehnologiýalaryň gerimini giňeltmäge we çalt ösýän robotaksi bazaryndaky töwekgelçiligi azaltmaga gönükdirilendir.



