Rolls-Royce kompaniýasy dünýäde ilkinji spirtde işleýän gämi hereketlendirijisi bilen tanyşdyrdy.
Häzirki wagtda dünýäniň haryt daşamalarynyň aglaba bölegi deňizde gämi gatnawy arkaly amala aşyrylýar. Şonuň üçin deňiz transporty daşky gurşawy hapalaýan esasy çeşmelerden biri hasaplanýar. Häzirki wagtda ähli görnüşdäki gämiler — Ýahta, konteýner daşaýjy ýa-da kruiz laýner gämileri, köplenç, dizel ýangyjynda işleýär. Dizel ýangyjynyň ýanmagy netijesinde diňe bir kömürturşy gazy däl, eýsem başga köp sanly hapalaýjy maddalar hem atmosfere çykýar. Spirt bolsa ideallaşdyrylan arassa ýangyç hasap edilýär, ýöne ony durmuşa geçirmek aňsat däl.
Rolls-Royce kompaniýasy bu meseläni çözmek kararyna geldi we doly metanol (metil spirti) ýangyjynda işleýän, dünýäde ilkinji ýokary öndürijilikli gämi hereketlendirijisiniň taslamasy bilen tanyşdyrdy. Bu taslama üstünlikli amala aşyrylsa, deňiz ulaglarynyň ekologiýa taýdan arassalanmagy ugrunda möhüm ädim bolar. Häzirki wagtda hereketlendiriji meOHmare atly taslamanyň çäginde, Woodward L’Orange we WTZ Roßlau gözleg merkezi bilen hyzmatdaşlykda işlenip taýýarlanyldy. Onuň görkezme prototipi şu ýylyň soňunda tanyşdyrylar.
Häzirlikçe hereketlendirijiniň aýratynlyklary barada köp maglumat berilmedi. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, bu enjam dizel bilen metanol arasyndaky geçiş tapgyry hökmünde görülýär. Ýagny hereketlendiriji iki görnüşli ýangyçda hem işläp bilýär. Şonuň üçin-de, bu — Rolls-Royce kompaniýasynyň bar bolan modelleriniň üýtgedilen görnüşi, takmynan, mtu 4000 seriýasyndaky hereketlendiriji bolmagy mümkin.
Metanol bilen işlemek üçin hereketlendiriji düýpli üýtgedildi: metanol ýokary temperatura şertlerinde öz-özünden ýanyp başlamaýar, şonuň üçin-de onuň ýakylma ulgamy, turbina ulgamy we elektron dolandyryşy täzeden guruldy. Şeýle hem metanolyň ýaglama aýratynlygynyň pes bolandygy sebäpli, dizel hereketlendirijilerine mahsus ýokary basyşly ýangyç pürkiji ulgamlar hem gaýtadan taslanyldy.
Prototipiň tehniki aýratynlyklary barada entek doly maglumat berilmedi, ýöne kompaniýa ýokary ýylylyk netijeliliginiň, kuwwatyň, ygtybarlylygyň we pes hyzmat çykdajylarynyň dizel ulgamlary bilen deň boljakdygyny belleýär.
Metanol ýangyjynyň peýdalary-da uly: ol dizel bilen deňeşdirilende kükürt, azot oksidleriniň we gurumyň zyňyndylary ep-esli azaldýar. Şeýle hem metanol tebigata zyýan ýetirmän çalt dargap bilýän maddadyr, bu bolsa onuň saklanmagyny we daşalmagyny ýeňilleşdirýär. Eger «Ýaşyl metanol» (arassa, täzelenýän çeşmeden alnan metanol) ulanylsa, hereketlendiriji nol derejesinde CO₂ zyňyndy bilen doly ekologiýa taýdan arassa ýangyç ulgamyny döreder. Rolls-Royce kompaniýasy muny «arassa gelejege goýlan maýa goýum» hökmünde görýär we bu çözgüdiň deňiz senagatynda uly isleg gazanjakdygyna ynanýar.



