«Samsung Electronics» adamyň saglyk ýagdaýyny gözegçilikde saklamaga mümkinçilik berýän «Galaxy Ring» atly «akylly» ýüzüklerini öndürmegi meýilleşdirýär. Bu barada «3dnews.ru» internet neşiri habar berdi.
«Samsung Electronics» Kaliforniýada geçirilen tanyşdyryş dabarasynda bu önümiň nusgasyny görkezdi.
Kompaniýanyň birnäçe wagt öň çykaran «Galaxy Watch» tehnologiýasynyň birnäçe artykmaçlygynyň bardygyna garamazdan, käbir ulanyjylar onuň hemişe elleriňe dakmak üçin amatsyzdygyny, sagadyň «Samsung Health» programmasyna möhüm saglyk maglumatlary ibermek we her gün 24 sagatlap, hepdede 7 günläp ýa-da ýylyň dowamynda 365 günläp seljermek üçin ýeterlik däldigini belleýärler. Ine, şu sebäpden hem kompaniýa saglygy gözegçilikde saklamak boýunça sanly mümkinçilikleri ýa-da «Samsung Health» programmasyny ýüzükde ornaşdyrmak kararyna geldi.
Ulanmak üçin sagatdan has amatlylygy we diňe saglyk mümkinçiliklerine gönükdirilendigi onuň batareýasynyň has uzaga çekmegini üpjün edýär.
«Samsung Electronics» elektron önümlerini öndüriji halkara kompaniýa bolup, ýarymgeçirijileri, telekommunikasiýa enjamlary, ýat çipleri, suwuk kristal displeýleri, ykjam telefonlary we monitorlary bilen uly meşhurlyk gazandy. Kompaniýanyň merkezi edarasy Seulda ýerleşýär.