“Android Headlines” tarapyndan ýaýradylan suratlara görä, “Galaxy S25” ozalky “Galaxy S24” -e meňzeş dizaýna eýe bolar. Yeke-täk üýtgeşiklik, kamera linzalarynyň töweregine gara halkanyň goşulmagydyr. “Samsung” bu dizaýn elementini ilkinji gezek şu ýylyň başynda “Galaxy Z Fold 6” -da ulandy. Şuňa meňzeş dizaýn elementi “Galaxy S25 Ultra” modeline hem goşular.
Has inçe göwre bolar
Çarçuwanyň galyňlygy Samsung Galaxy S24-e meňzeýär. “Galaxy S25” -iň 6.2 dýuým displeýi we ölçegleri 146,9 x 70,4 x 7,2 mm bolar diýlip garaşylýar. “Galaxy S24” -iň 147 x 70,6 x 7,6 mm ölçegleri bilen deňeşdirenimizde, telefon birneme inçe bolana meňzeýär. Şeýle-de bolsa, telefon has ýuka bolandygyna garamazdan, batareýanyň kuwwaty pida bolmaz we 4000 mAh batareýany öňküsi ýaly saklar.
Samsung Galaxy S25 üçin haýsy prosessory saýlajakdygy entek belli däl. Kompaniýanyň geçen ýylky ýaly goşa prosessor strategiýasyny dowam etdirip biljekdigi aýdylsa-da, käbir habarlarda diňe Snapdragon 8 Gen 4 çipsetini ulanyp biljekdigi aýdylýar. Şeýle-de bolsa, “Snapdragon 8 Gen 4” ileri tutulsa, çipsetiň gymmatlygy sebäpli bahalaryň ýokarlanmagyny görmek mümkin.