«Samsung» kompaniýasy müşderilerine ajaýyp habary ýetirdi. Ol indi enjamlaryna ozalkylaryndan has uzak hyzmat eder. Kompaniýa täze «Galaxy A16 5G» smartfonynda barmak tanaýyş skaneri hem ornaşdyrylar. Ol «IP54» gorag tehnologiýasyna eýe bolar. Bu barada «hi-tech.mail.ru» internet neşirinde habar berildi.
Amatly bahasy bilen tapawutlanjak smartfon goşa SIM-kartany hem goldar. Onda uzak wagta hyzmat etjek 5000 mAs-lyk batareýa, 90 Gs ýygylykda işleýän ekran hem göz öňünde tutulan. Smartfonyň bahasynyň amatly boljakdygy we onuň adyndan hem belli bolşy ýaly, 5G aragatnaşyk tehnologiýasyny üpjün etjekdigi aýratyn nygtalýar.