Las-Wegasda «CES 2024» diýen at bilen badalga alan elektron tehnologiýalarynyň sergisinde «Samsung» kompaniýasy «MicroLED» atly täze ekrany bilen tanyşdyrdy. Bu barada «iphones.ru» web saýtynda habar berildi.
«Transparent MicroLED» — bu daşy çarçuwasyz, bütinleý aýna görnüşindäki modully LED ekran. Önümi öndüriji kompaniýanyň wekilleri şu tehnologiýany döretmek üçin 6 ýyl çemesi wagtyň gerek bolandygyny belleýärler.
Aňyrsy görünýän aýna görnüşindäki yşyk-diodlary mazmun bilen hakykatyň arasyndaky tapawudy duýmazdan, täze tomaşa tejribesiniň jümmüşine aralaşmaga mümkinçilik döredýär.
Serginiň täze önümini gören myhmanlar aňyrsy görünýän aýna displeýdäki mazmunyň howada ýüzýän gologramma meňzeýändigini aýdýarlar.
Bu makalany peýdaly gördüňizmi?Derrew täzelikleri almak üçin Google-da Gorogly.com-y yzarlaň.
+ Yzarlaň


