Samsung Electronics kompaniýasy tarapyndan heniz bahanyň ýokarlandyrylmagy barada resmi habar berilmedi. Ýöne, pudak bilermenleri bu kararyň emeli aň bazarynyň orta we uzak möhletli ösüş mümkinçilikleri bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar. Hut şu nukdaýnazardan, kompaniýanyň Günorta Koreýada täze ýokary öndürijilikli çip önümçilik toplumyny işe girizmegi meýilleşdirýändigi hem mälimdir.
Pudak bilermenleri Samsung Electronics kompaniýasynyň 2025-nji ýylyň dördünji çärýegine çenli ýat çipleri üçin şertnamalaýyn bahalary ýene-de 40-50 göterim ýokarlandyryp biljekdigini çaklaýarlar. Bu bolsa, garaşylýan umumy bazar bahasyndan takmynan 30 göterim ýokary bolar, diýlip çaklanylýar.
Begenç Şaltaýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
weterinar lukmançylygy fakultetiniň
oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy
taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.



